4:57

Üzümlik

MP3

“Men hakyky üzüm agajydyryn we Atam bagbandyr. Ol Meniň miwe bermeýän her
bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp
miwe berer ýaly timarlaýar.”(Ýhanna 15:1-2)

Salam gadrdanlar.Bugun sizler bilen paýlaşýan sapakymyz içimi gyzdyryp alaw
ýaly süňklerimi köýdürýar.Oňy sizlere çalt etirmek
isleýan.Ýkarydakylary diňlab bugun we geljekki gepleşiklerimizde hem
üzüm agajy we şahlary hakynda gepleşýas.Size ýakyn bolan bir adam wepat
bolýan wagty onuň onünde bolanmysyňyz?Ol size sonky geplerini aýtmaga
hereket edenmi? Esasan ölimi onunden ýakynlarynyň birine sonky geplerini
aýtmakçy bolan adam ýa-da ony eşitýan adamyň ýagdaýyny göz onünuze
getiriň.Butin bedeniňizi gulak edip oňa egilip geplerini uns bilen
dinlýaňyz we onuň geplerini butin ömr gulaklaryňyzda galýar.

Indi göz onünize getiriň sonky geplerini aýtmakçy bolan ynsan Isa Mesih
bolsa-na?Ony nahilli uns bilen diňlan bolordyňyz?Isa Mesihe dönüklik
edilýan we tutyp berilaýn gijesi Isa Mesih şagirdlerini ýgnap Özünuňsonky
geplerini aýtdy. Entek daň atmasdan Oňy urup,başyna tikenden taç giýdirip
haça çuýlediler.Oňy onünde şeýle azaplar garaşýanyny Ol gowy bilýady.Şonuň
uçin butin hoşhabaryň ýüregi bolan şapakny şagirdlerine geplep
bermekçidi.Rebbimiz bu sonky öwitleri aýtmak uçin oraň amatly wagt tapan
we oňy ajaýyp bir mylaýymlyk we aladalylyk bilen aýdan.Isa Mesihyň
ölüminden oňki gijede şagirdleri bilen akşamky nahary ýygnanyşyp bille
iýenini göz onünize getiriň.Şägirdleri hiç zatdan habarsyz ýassyklara
ýaplanyp butin unüslerini we gözlerini Rebbimize çeken.Resullerden Ýhanna
bu hakda şeýle ýazan:” Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly
Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy. Isa Atasynyň
ähli zady Öz ygtyýaryna berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa
gitjekdigini bilýärdi. Şonuň üçin Ol nahar başyndan turup, donuny çykardy-
da, bir ýaglyk bilen bilini guşady. Onsoň bir legene suw guýdy-da,
şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen süpürmäge durdy.
»(Ýhanna 13:2-5) Rebbiýniň egininde çangyç atyp legene suw guýup
şägirdleriniň aýklaryny ýuwýanyny,barmaklarynyň arasyndaky kirleri alyp
taşlap,suw guýup ýuwýanyny geň galyp bir zat diyip bilmesden seredip duran
şagirdleri öýlarynda:”Nämuçin ertir şä bolýan ynsan bugun beýle özüni pes
tutyp şagirdleriniň aýaklaryny ýuwýar?”diyip pikir etdiler.

Isanyň agzyndan olary ýene hem haýran galdyrýan gepler çykdy:” Size
dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir,
Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Bu zatlary aýdandan
soň, Isanyň ýüregini gussa gaplady. Ol: «Hakykatdan hem, siziň biriňiz
Maňa haýynlyk edersiňiz» diýip, açyk aýtdy” (Ýhanna13:20-21). Haýran bolup
gatap galan şagirdler aljyraňňylyk bilen biri-birlerine seredişdiler.Soň
bolsa Rebbiý Petrusa seredip oňa: « horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek
inkär edersiň» diýidi.Şagirdleri Ol bilen uç ýyla ýakyn bille boldular yone
sonky bir näçe aýlar içinde Özünuň ölimi we gaýta direlişi hakynda aýdyp
Özünuň haçdaky ölümine taýarlap barýady,yone Isa Mesihyň Mesih
ekenini,Onuň eden täsinlikleri şagirdleriniň aňyňda garyşyp gidipti.Şonuň
uçin olar Isa Mesihyň ölişi gerekdigi hakyndaky hakykaty entek aňlap
alanokdy.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top