4:32

Uzagy görüp iş tutmak

MP3

Salam ezizler.Şägird arttyrmak mowzugyna bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.Uzagy görüp bilen adam öz kararlaryny ýagdaýa görä dälde,belki gözlän maksatyna göra çykarýar.Maksat we ynanç şägird ösdürmegi tutup duran ikki esasyý direg hasaplanýar.Maksat adamyň dünýagaraýyşyna bagly,onuň gymmatlyklary,ol uçin näme möhümdygyna bagly.Isa bu hakda şeýle diyipti:

“Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz! Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz? Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçin galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? Liliýalaryň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi.

Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?! Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň. Bu zatlaryň baryny bu dünýäniň adamlary agtarýandyr. Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär.

Siz bolsa Hudaýyň Şalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň `üstüne goşulyp berler.

Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi. 33Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir. Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.”(Luka höş 12:24-34).

Bu bölek-kamil maksat mysaly bolup hyzmat edýar.Bir işi başlamazdan oň onuň netijesini gözlemägi öwretýar.Gundäki kararlarymyzy geljegi gözlän ýagdaýda çykarmagy Isa bize öwredýar.Insan diňe öz maksadyny ýitiren ýagdaýda öz islegi bilen jenaýata el urýar.Ol:”Ýamanlyk etsem name boluptir?Maňa barybir hiç zat bolmaýar”-diyip özüni özi aldaýar.Meselen,bir kişi banka girip 100 000 dollary ogurlap gitdi diýaýliň.Eger şol adam bu jenaýaty uçin 25 ýyl dowamynda tussahananyň hüjresinde otürmagyny göz önüne getirenindedi,bu jenaýata el urman bolardy.

Jenaýatçy eden işiniň netijesini görüp bilmäni uçin bankdäky puly ogurlady.Biz hem günäniň netijesini ýatdan çykaranymyzda günä el urýas.Maksat we ynanç şägird ösdurmek prosesynyň ikki esasyý diregi hasaplanyp,:”Şägirdlik sungatynyň”duýpini emele getirýar.Eger şägirdiň maksaty ýada ynançy bolmasa,munuň ýaly şägird hiç zady öwrenmandir diyip aýtmagymyz mumkin.Rebbim hyzmatynyzy Ozi bereklesin.Aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top