3:51

Synaglar we amal etmek

MP3

Salam ezizler.Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň. Sebäbi imanyňyzyň synalmagy bilen çydamlylygyňyzyň artýandygyny bilýänsiňiz. Her bir işde ahyryna çenli çydaň, şonda kemsiz-köstsüz, berk we kämil bolarsyňyz. Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer. Emma ol adam şübhelenmän iman bilen dilesin, sebäbi şübhelenýän adam edil ýeliň eýläk-beýläk çaýkaýan deňiz tolkuny ýalydyr. Şeýle adam Rebden bir zat alaryn öýtmesin. Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.

Pukara dogan Hudaýyň nazarynda özüniň baýlygy bilen buýsansyn.

Baý bolsa Hudaýyň nazarynda özüniň pespälligi bilen buýsansyn. Çünki baýlyk otuň güli deý solup gider. Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.

Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi. Pis höwesi bolan adam: «Meni Hudaý höweslendirýär» diýmesin, sebäbi Hudaýda hiç hili pislik höwesi ýokdur, Ol hiç kimi pislik etmäge höweslendirýän däldir. Tersine, her kim öz pis höweslerine çolaşýandyr we aldanyp synaga düşýändir. Onsoň höwes göwreli bolup, günäni dogurýar, günä hem ýetişip, ölümi dogurýandyr.Eziz doganlar, aldanmaň! Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir.

Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur. Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi. Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun. Sebäbi ynsan gahary Hudaýyň isleýän dogrulygyny amala aşyryp bilmez. Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz.

Kim sözi diňläp, ony berjaý etmeýän bolsa, ol aýnada ýüzüni görýän adam ýalydyr. Ol özüni synlap gidenden soň, şobada nähilidigini ýatdan çykarýar. Emma kim azatlyk berýän kämil kanuna üns berip, eşidenlerini ýatdan çykarman, gaýtam, ony berk berjaý edýän bolsa, Hudaý ony her bir edýän işinde ýalkar. Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir. Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top