MP3

Salam eziz moştaklar.Eziz doganlar,azaplardan gaçmak bu ýag’ymy ýada tersinemi?Bugunki mowzugymyz arkaly edil şu mesele boýunça billelikde baş gatyryp gorýas. Ezizler,masihiýlik taryhynda şonuň ýaly pursatlar bolan,jemgat agzalary bilgişleýin özlerini azaplara taşlardy.

Elbettde muňa özüne görä sebäbler bolan.Şonuň ýaly sebablerden biri,şu döwürlerde giň ýaýran aýrym ýereslardy. Şeýlelikde olar-eger özlerini dürli eziýet we azaplara tutup berseler,ruhlary şonçaklym gujurly we päk bolýar diyip oýlardylar.

Şonuň ýaly ýol tutup kop masihiýler özlerini Hudaýa laýyk diyip bilýadylar.Hormatly doganlar,bilgişleýin ňzüni azaplara salmak hiç hilli ýagşylyga alyp gelmese gerek diyip oýlaýan.Mazohistlar hem özleri uçin durli agryklar we azaplary laýyk göreýärler.

Ine şu aýdanlarymyzdan mälim boluşy ýaly özünizi azaplara salmak ukupy bilen masihiýler özlerini Hudaýyň onünde aklamakçy bolýarlar.Aslynda bolsa beýle däl.Eziz doganlar,eger ýokarda aýdanlarymyz bilen kimdir razy bolýan bolsa,onda insana Hudaýyň bagyşlamagy asla gerek bolman galýar diyen pikr hem peýda bolmagyny unutmazlygymyz gerek.

Çunki ňzünüň günaleri ýuwulmagy uçin bir gezek ýada ikki gezek özüni gýnaga salmagyň özi ýeterli bolardy.Gorseniz,Hudaýyň göz onünde ýene günasiz insan peýda bolordy.Elbettde beýle däl, Insan Hudaýyň bagyşlaýyşyny almagy uçin başda şoňa laýyk bolmagy gerek.

Hudaý bolsa Öz ornünda bagyşlamagy mugt we hiç hilli şertsiz berýar.Diňe :”Rebbim men günäkär,meni bagyşla”diyip aýtmagy özi ýeterli. Hudaý hemişe bagyşlamaga çülum.Azaplardan gaçyp Hudaýyň onüne barmak-iň dogry ýol bolýar.Eger Musanyň haýatyna uns etseniz,ol tä şonuň ýaly ýol tutandy.

Masihiýleriň haýatynda dürli meseleler bolyşy anyk.Insanyň bolsa barysyna guyji ýetmesligi hem anyk.Hudaý bolsa şonuň uçin bize gerek.Ol biziň azaplardamyza hem,şatlyklarymyza hem şärik bolmagy oran isleýar.Oň masihyýlary nahilli azaplara duş gelenlerini her birimiz ýagşy bilýas.

Olary aç galan arslanlaryň onüne taşlap,arslanlara et höküminde berýadylar.Arslanlar bolsa her bir masihyýny kesim-kesim edip taşlardy.Hudaý häzir şeýle usullar ulanulmagyna asla ýol bermeýar.

Ol hemişe her bir masihyýy hemaýat etmage çülum.Insany durli azaplardan gutkaryp galmaga Hudaý çülum.Ezizler durli azaplara çydamly we Hudaýa sadyk galmak –Ebediý haýaty saklap galmak diýenidir.Şonuň bilen eziz doganlar mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Ýenede mowzuklarymyz arkaly düşuşýinçenli höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top