MP3

Salam Şawul .Bu şahs hakynda eşidenmisiz?Eger Mukaddes Kitapy ökan bolsanyz,elbettde bu şahsyň kimdigini bilýanyz.Ýone aramyzda Mukaddes Kitapy ökaman dinleýjiler bolsa bu söhbetimiz olor uçin ýene bir täzelik bolmagyna şübhem ýok.Şawul-Ysraýyl halkynyň iň birinji pätyşasy bolan.Şawul hakda gep başlaýan ekenik ol bilen bille Şamuwel paýgember hakda geplaman alajymyz ýok.Çunki olaryň haýaty, hyzmaty biri birine bagly.Ozol Şawul haýaty hakynda geplemesden oň Ysrayýlyň ýagdaýyna bir nazar taşlasak.Ysraýyl halky ýakyn töwerakdaki halklaryň hüjümlerinden ýadandy,şol sebäpli başgaça ýol tutmaga karar edendiler.Palastin halkynyň dinygsyz hüjümi,olaryň özlerine şä saýlamaga oýardy.Olor:”Eger biz hem özümüze şä saýlasak,başga halklar ýaly guýçli bolýas”-diyip oýlan bolmaly.Olor ýolbaşçysy bolan halk söweşde ýenilmeýar we gudratly bolýar diyip pikr edýady.Ýone olor bir tarapdan gaty ýanlyşýadylar.

Oloryň ýolbaşçylary bu –hiç hilli pätyşä deň gelmeýan Hudaý-Ysraýylyň Hudaýydy.Olary dolandyrmaga,hemişe ýardam bermaga,söweşlerde olary goldab durmaga taýyn Hudaýy bardy.Ysraýyl halky özlerindäki bahasyz baýlygygörüp bilmedi.Beýle sadakatly Hudaý başga hiç bir halkda bolman.Şoňa seretman Ysraýyl halky,özlerine göze görünýan pätyşä saýlamagy Şamuwel paýgemberden talap edenler.Şamuwel olary her gezek,” Eger Hudaýa tabun bolsak Hudaýymyz bizi her hilli heläkçilikden halas edýar.Ol biziň pätyşämyz”diymekden ýadamasdy.Ýone halk dikdüşdülik edip durup aldy.Hudaý oloryň talapyny eşidip Şamuwela pätyşä saýlamaga rugsat berdi,we kimi saýlamagy gerekdigini hem görkezdi.

Käwagt haýtymyza nazar salsak,biz hem özümizi tä Ysraýyl halky ýaly tutýanymyzy görýas.Nahilli diyanyzmy?Göz önünize getiriň,biz bir zada yetişmagi oran halaýas.Biziň nazarymyzda hem,Hudaýyň nazarynda hem isleýanymyz,önçaklym ýaman bolup görunmeýar.Nämuçin indi Hudaý bermeýan eken.Şol pikr bilen gatty durup alýas.Hudaý bu islegimiziň soňy näme boluşyny bilýar.Bu islegimiz biz uçin oran zerur däl,tä ysraýyl halkyna şä zerur bolmadygy ýaly.Şonda hem ysraýyl halkyna meözep öz pikrimizde berk durup alýas.Hudaý bolsa biziň islegimizi kanagatlandyrýar.Soň bolsa onuň netijelerini görüp,”Nämuçin Hudaý buňa rugsat berdi”-diyip oýlaýas.Şonuň ýaly bolmaslygy uçin ysraýyl halkyndan görelde alyň.Olaryň hatasyny gaýtalamaň.

Şämuwel we Şawulyň döwrüni geçiş döwri diyimek mumkin.Çunki Şawula gelip,ysraýyl serdarlary döwri gutarandy.Indi Pätyşälar döwri başlanyş öň ýanyndady.Şawul tagta çykdy.Şawul Benýamin tiresindendi.Pätyşä bolanson Şäwuly kop synaglara garaşyp durardy.Ol Hudaýyň gözegçiligi we synagyndadygyny ýagşy duýan ýagdaýda hereket etdi.Assa ýuwwaş Şawul pätyşä bolmak nahillidigini bilip özüni arkaýyn tutýan boldy.Hudaý halkny we Şäwuly duýdyrdy:”Eger Rebbimizden gorkup,siz hem pätyşanyz hem Hudaýyň yzyndan ýörep Oňa hyzmat edip emrlerine tabun bolsanyz Hudaý size garşy bolmaýar.Ýone Hudaýa tabun bolman boýun egmeseniz Hudaý size garşy bolýar”.Hudaý bizi hem düýdyrýar,diňe biz şol düýdyryşlary eşitýasmy?

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top