Salam ezizler.Şägird arttyrmak mowzugyna bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.Şägirdinize halypalyk etmagi öwrediň.Şägird ösdürmek şeýle bir maglumatlar bermek bilen çäklenmeýar.Şägirdinize şägirdligiň esasyny öwrediň,ol hem şägird arttyrmagy amalda öwrensin.Bunuň peýdasy kop:Birinjiden,onuň imany berk bolup ösýar.Şägirdiniz başga birine Hoşhabar aýdanynda,kop soraglara jogap bermagine dogry gelýar.Şägird bu soraglara jogap berende diňe sorag beren adama ýardam bolman,belki bu wagt dowamynda hakykat onuň özünuň ýüreginde möhürlanyp galýar.
Ikkinjiden,bu şägirdiniziň şahsyý ösmegine ýardam berýar.Şägirdiniz başgalaryň ruhyý ösmegine ýardam berýan ekeni,öz haýatynada baha berýar.Özünuň haýaty başgalara görelde bolup hyzmat edýarmy ýada ýokmy,uns edýar.Üçinjiden şägirdiniz halypalyk etse özi hem öwrenmage höwesli we taglyma hujuwly bolýar.Şägirdiniz öz şägirdiniň soraglaryna jogap bermäge mejbur bolany uçin,özi hem koprak zatlary öwrenmage hereket edýar.Şägird ösdürmek wagty oran giň mowzukdir.Oňy giň düşundirmek uçin kop jiltli eser ýazmak mumkin.Şägird ösdürmek barada aýratyn umumyý kadalar bar,bu kadalardan her hilli insanlar arasyndaky arabaglanyşyklarda peýdalanmak mumkin.Şägird ärtyrmak hyzmatynda gerek bolýan kadalar aşakda getirilen:
Şägirdiniz Hudaý degişli ekenini ýadynyzda saklan.Siz Hudaýyň kömegi bilen şägird arttyrýanyz,şägirdinizi hem Hudaýyň Özi ösdürýar.Siz bu hyzmatda Hudaýň elindäki gural bolup hyzmat edýanyz.Zeburda şeýle ýazylan:” Eger öýi Reb bina etmese,
ony bina edýänleriň azaby puçdur.Eger şäheri Reb goramasa,garawulyň oýa durmagy puçdur.”(Zebur 126:1)Şägirdinize ynanyň,oňa umut baglanynyzy şägirdiniz bilsin.Şägirdinize bir tabşyryk bereninizde şu tabşyrygy elinden almaň.Şägirdiniz size baglanyp galmasyn.Şägirdinizi ösdürýan ekeniniz,ony özbaşdak goýuň.Siziň wezipeniz şägirdinize Hudaýa baglanmagy öwrediň.Onuň size baglanyp galmagyna ýol goýmaň.Şägirdinizi erkin goýuň,ol öz ýaňlyşlaryndan hem sapak alsyn.Telekeçi dünýasynda täze telekeçiler şowlulykdan görä, şowsyzlyklar sebäpli kop zatlary öwrenýarler.
Şoňa seretmezden,adamlar ýaňlyş etmekden gorkýarlar.Şägirdiniz ýaňlyş etmekden gorkmasyn,ýaňlyş edende hem siz ondan ýüz öwürip gitmesliginizi bilsin.Şägirdiniz adamlardaky zehini ukuplaryny gorup bilýan bolsun.Isa on ikki resullerini saýlanynda howlukmandy.Ol Öz hyzmatyny başlanyndan soň Özüne şägirdler saýlandy.Resul Pawlus bu hakda :” Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.”diyipti.(1-jiTimotius 5:22) Şägirdleriniz özüne ynanar ýaly olary ruhlandyryň. Rebbim hyzmatynyzy Özi bereketlesin.Aman boluň.