4:23

Sadakatly ytaý

MP3

Salam gadrly diňleýji. Biz size her gezek düşüşanymyzda Mukaddes Kitapdaky
şahslar haýatyndan gepleýas.Olaryň haýatyndan nusgalyk alyp,haýatda dogry
ýoldan azaşman ýoremagimiz mumkin.Söhbetlerimiz hakynda pikirleriniz
bolsa,ýa-da olar hakynda koprak maglumata eýe bolsanyz saýtymyza giriň,ýa-
da pikirlerinizi elektron menzilimize iberiň.Biz bolsa size her gezek
täzeden-täze pikrler bermagi dowam edýas.Bugun patyşa we paýgember Dawudyň
towereginde bolan we sadakatly ynsanlardan biri Ytaý hakynda
söhbetleşýas. Ytaý ady Mukaddes Kitapda kop dile alynman.Ony 2 Pätyşalar
15 babynda okamagymyz mumkin.Yone onuň sadakaty täsin galmana laýyk.

Mukaddes Kitapy okap oturanymda şol ada gözüm düşdi.Ol çyndan hem Dawudy
söýan,ony Hudaý saýlan şä hökmunde hormat edýam kişi bolan eken.Dawud
onuň aslynda niredenligini gowý bilen gorunýar.Çunki Mukaddes Kitapda şeýle
ýazylan: “Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany,
boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol
yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan
geçirer» diýdi. Patyşanyň adamlary oňa: «Şa hezretleri näme islese, siziň
gullaryňyz şoňa razy» diýdiler. Şeýdip, patyşa tutuş maşgalasyny yzyna
tirkäp, ýola çykdy. Ol on gyrnak aýalyny öýe seretmek üçin goýup gitdi.
Patyşa ähli adamlaryny alyp, ýola düşdi. Olar galanyň çetinde saklandylar.
Şanyň ähli adamlary onuň öňünden geçdiler. Ähli keretler, peletler hem-de
Gat galasyndan şanyň yzyna düşüp gaýdan alty ýüz adam onuň öňünden
geçdiler.(2-ji Şamuel 15:13-18)
Pätyşanyň leşgerleri arasynda galtly Ytaý hem bardy.Galt bu Orta ýer
deňizi kenarynda ýerleşen bolup piliştiýler bäş esasyý şaherlerinden
biridi.Ol piliştler şaherinden boluşuna seretman Dawudy oran hormat
edýady.” Patyşa gatly Ytaýa şeýle diýdi: «Sen näme üçin bizden galman
gelýärsiň? Yzyňa gaýt-da, täze patyşa bilen boluber. Sebäbi sen ýurdundan
kowlan gelmişeksiň. Seniň geleniň düýn dälmi, bu günem men seni özümiz
bilen bile sergezdan edeýinmi? Onsoňam nirä barýanymy özümem bilemok. Sen
gaýt, ildeşleriňi-de özüň bilen äkit. Reb size merhemet etsin hem wepalylyk
görkezsin». (2-ji Şamwel 15:19-20) Dawut pätyşa onuň ýagdaýyny gowy düşunip
oňa aňsat bolmagy uçin yzyna gaýtmaga gönükdirdi..Yone Ytaýyň patyşä
sadakaty we hormaty gýüçlidi Ytaý Dawut patyşa: «Rebden hem-de şa
hezretlerinden ant içýärin; ha ölüm bolsun, ha ömür — parhy ýok, şa
hezretleri nirede bolsa, guluňyz hem şol ýerde bolar» diýdi. “(2-ji Şamuwel
15:21-22). Dawut pätyşa Ytaýyň jogabyndan oran täsirlenen bolsa
gerek.Çunki oz tiresinden bolan Ysraýyl halkynyň ogly bilen billeleşip oňa
garşy çykyp duran bir wagtda piliştler şaherinden bolan bir gelimşik oňa
sadakatyny bildirýady.Bu hemmaniň hem elinden gelmeýan mertlikdi.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top