MP3

Salam Gadymda Musa we Ysraýyl halky Hudaýyň olara wada eden ýerlerine
garab ýola düşeninde Ýeşua esgerler, halk we ruhanýylar bilen bille Eriho
diwarlaryny ýykanlarynda Ierusalim entek Ysraýyl halkyna degişli
daldi.Ierusalim we onuň towregindaki ýerler Ebus halkyna degişlidi.Ebus
halky Nuhyň agtygy Homnyň ogly Kanondan ýaýran halklardan biridi.Şol Ebus
halkynyň hany Adonysedek Eşuwa Aý şaherini ele alanlaryny we ony butinleý
haraba öwürenini eşidip howsala düşdip galdy.Ol öz şaherini, şäälygy
aldyryp goýmakdan oran gorkýady.Olora ýakyn ýaşaýan Gibgonlylar hem
Ysraýylyklar tarapa geçenini bilenson ýenede gorkysy gýüçlendi.
Çunki Giwonlylar özleriniň söweşde ökdeligi bilen meşhurdy.Şonuň uçin hem
ol Ysraýylylara bir özi garşy durup bilmesligini bilip Hebronyň hany
Hohama, Ýarmudyň hany Pirama, Lakyşyň hany Ýapyýa, Eglonyň hany Debire
şeýle habar gönderdi :: «Meniň ýanyma gelip, Gibgona hüjüm etmäge ýardam
ediň, sebäbi gibgonlylar Ýeşuwa hem-de ysraýyllar bilen ýaraşyk
baglaşypdyrlar».(Ýeşuwa 10:4).

Eriho we onuň towereginde ýaşaýan bary halklar Ysraýyl halkynyň Müsrden
çykkanyndan bari başlaryndan näme geçirenleri hakyndaky miş-mişlary
eşitipti.Çölde olar tarapa gelýan halk hakynda bireýýäm gep-sözler we
rowaýatlar ýaýrap bolondy.Oloryň Hudaýyi gudrat bilen Ysraýyl halkyny
müsrden halas edeni,Musr faraonyňyň söweş arabalary Gyzyl Deňiz düupinde
galyp gidenini,çölde tasinlikler sebäpli suw içip naharlananlary hakynda
ger-sözler towerage ýaýrapty.
Erihoňy hem hiç hilli söweşsiz ele alany olaryň hemmesinden artyk
geldi.Şonuň uçin hem Ysraýyl hany Adonysedek aljyrap galdy.Şonuň uçin hem
ol Ysraýyldan 32,20,25 kilometr daşlykda ýerleşen şaher hanlaryndan ýardam
sorady.Hemmeleri billeleşipYsraýyl hany bilen ýaraşyk baglanyşan
Gibonlylara garşy hüjum etdiler.Şol guni Gibonlylar Ýeşuwadan kömek
soradylar.Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim.
Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi.Ýeşuwa öz esgerleri bilen
Gilgaldan çykdy.Mukaddes Kitapda ýazylyşy boýunça şo güni Amor halklaryna
we Ysraýyl hany Adonysedege garşy Rebbiň özi söweşdi. Adonysedek
esgerleri we başga hemralary bilen bille Ysraýylylardan gaçyp gidýan
wagtynda Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar
gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden
köp boldy.Halk duşmanyndan ar alyp bolýança, Gün saklandy we Aý durdy. Şol
wakadan soň Ysraýyldaky Ýebus halky Ysraýyl halkynyň Hudaýyi hakynda
koprak bilib aldy. Onuň gudratyny oz gözleri bilen gorup buna ykrar
boldular.Mukaddes Kitapda söweşden soň Adonysedega näme bolony hakynda
ýazylman yone ol Hudaýyň näçe gudratly ekenini ,oňa garşy durup
bilmesligine ykrar bolony anyk.
Ezizler Mukaddes Kitapda ýazylan şahslar haýaty bilen tanyşmakçy bolsanyz
biziň gepleşiklerimizi diňlab baryň. Bundan başga biziň saytymyz hem
sizlere doly maglumat berýar.Olaryň haýty ýanlyşlarymyzy dogrylamana kömek
berýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top