5:30

Tekowaly aýal

MP3

Salam gadrdan dinleýjiler. Halkymyzda “Aýal kişiniň mekirligi kyrk düýe ýuk
bolýar”-diyen gep bar. Çyndan hem şeýle. Eger aýal kişi bir işe başlasa
keçjallyk bilen başlaýar. Aýalyň bunuň ýaly häsiýetleri bardygyny Köne Äht
dowrundakiler hem bilen gorünýar.Beýle diymegime sebäp Dawudyň goşun
serkerdesi Ýoab ýagşy iş ýolunda bir aýaly işe saldy.Mukaddes Kitap bu
aýala dana diyip teswirleýar. Geliň,şol aýal hakynda ýazylan bölegi okap
goreýliň:” Patyşanyň Abşalom hakda pikir etmesini goýup bilmeýändigine
Seruýanyň ogly Ýowap göz ýetirdi. Ýowap Tekowa galasyna adam iberip, ol
ýerden bir dana aýaly getirtdi.(2-ji Şamwel 14:1-2) Ýowap aýala: «Ýas
lybasyna girersiň-de, ýas tutýan kişi bolarsyň; atyr sepinmersiň, özüňi
esli wagtdan bäri bir merhumyň ýasyny tutýan ýaly alyp bararsyň; patyşanyň
ýanyna baryp, meniň diýenlerimi oňa aýdarsyň» diýip, aýtmaly sözlerini onuň
agzyna salyp berdi.

Tekowaly aýal patyşanyň huzuryna bardy-da, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym
edip: «Kömek ediň, eý, şahym!» diýdi. Patyşa: «Näme boldy?» diýip sorady.
Aýal şeýle diýdi: «Wah, men bir äri ölen dul aýal. Gyrnagyňyzyň iki sany
ogly bardy. Bir gün olar meýdanda uruşdylar. Ol ýerde olary aralamaga adam
bolmansoň, biri beýlekisini urup öldürdi. Indi tutuş tire gyrnagyňyza garşy
çykyp: „Doganyny öldüreni biziň elimize ber, onuň özüni-de öldürip, ondan
doganynyň ganyny aljak. Şeýdip, biz mirasdary-da öldürjek“ diýýärler.
Şeýdip, olar ojagymyň galanja oduny-da söndürip, ýer ýüzünde adamymdan nam-
nyşan galdyrmajak bolýarlar». (2-ji Şamwel14:5-7).
Pätyşa onuň arzyny diňlap: “Rebden ant içýärin, ogluňa barmagyny batyran
adam bolmaz» diýdi.Aýal oňy magtady: “Şäahezretleri meni dynçlantyrdy,Çunki
Şäahym Hudaýyň perişdesi ýaly ýagşy-ýaman gepi diňlep karar
edýarler.”Aýal: «Ygtyýar etseňiz, şa hezretlerine gyrnagyňyzyň bir sözi
bar» diýdi. Patyşa: «Aýt!» diýdi. Aýal şeýle diýdi: «Onda näme üçin Hudaýyň
halkyna garşy beýle işleri küýüňe getirýäň? Şanyň bu aýdýanlary onuň özüni
ýazgarýar, sebäbi siz kowan adamyňyzy gaýtaryp getirmeýärsiňiz. “ Ol Ýoab
öwreten bar gepleri şeýle bir gepledi şä ondan gaty gormedi.Ol magtamagy
hem ,şikaýatyny hem, ýenede şänyň hatasyny hem öz ýerinde görkezdi.Şä
aýalyň näme maksatda gelenini düşunp etdi.Onun ajaýyp usulda şä
ýüzleneninden haýran boldy.
Patyşa aýala bakyp: «Bir zat sorajak, ýöne menden hiç zat ýaşyrma!» diýdi.
Aýal: «Aýdyberiň, şa hezretleri!» diýdi.
Patyşa: «Şu işlerde Ýowabyň eli-hä ýokdur-da?!» diýdi. Aýal: «Şa
hezretleriniň ömri uzak bolsun! Patyşanyň aýdan zadyndan hiç kim saga-sola
sowlup bilmez. Hut şa hezretleriniň aýdyşy ýaly, gyrnagyňy Ýowap iberdi we
aýtmaly sözleriniň ählisini gyrnagyňyň agzyna ol salyp iberdi. Guluň Ýowap
muny ýagdaýy üýtgetmek üçin etdi. Ýöne şa hezretleri Hudaýyň perişdesi ýaly
danadyr; ol ýer ýüzünde bolup geçýän ähli işleri bilýär» diýip jogap
berdi”.Bu sözler oran ýagşy oýlap tapylan we esasly magtawlardy.Pätyşa
huzurune girmek we pätyşadan haýyştyna kanagatlanarly jogap almak uçin hem
danalyk gerek.Geplerini oýlap,öz ýerine ulanmak gerek bolýar.Tekowally aýal
edil şonuň ýaly häsiýetli aýaldy. Ýoab ony Ierusalimden 16 kilometr günorta
tarapda ýerleşen şäherden alyp getirenine seredende ol çyndan hem danalygy
bilen at gazanan aýal bolan. Bu aýalyň ady hatta ýazylman ýone sogap işe el
urup şäny öz ogly Absalamy şähere gaýtarmaga etişdi.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top