3:09

Ruhyý ýeniş

MP3

Salam eziz we mähriban doganlar.Ýene mowzuklarymyz arkaly siz bilen düşüşup duranymyzdan oran begýanýaris.Ezizler,”Şeýtan” sözi Hudaý we insaniýetiň iň uly duşmany diyen manyny bildirýar.

Bu iblisyň hakyký ady.Käbir adamlar şeýtan diyen duşmanyň bardygyna onçaklym ynanmaýarlar.Ýone onuň bardygy we hereketleri kop zalymlyk we azap çekmage we meselelriň gelip çykmagyna sebäp bolýar.

Mukaddes Kitap hem şeýtan hakykatdan hem bardygyny we onuň edýan işi Hudaý tarapyndan dolandyrylýan adamlara garşylyk görkezmak –diyip anyk aýdýar.Hudaý zalymlygyň serpikmesi bolan şeýtaňy näme sebäpden butinleý ýok edip iberman,tersine oňa ýol berýany kop kişini haýran galdyrýar.

Bu soraga häzirki güneçenli kanagatlandyrarly jogap tapylmady.Belki ,Rebbimiz bu ýol bilen zalymlyk we güna hiç haçan biz gözleýan haýatyň hakyký manysyny açyp berip bilmesligini görkezmekçidir.

“Şeýtan”sözi gadymky grek sözi bolup,käwagt insanyň düşmanlaryna degişli ulanylan.Mukaddes Kitapyň bir böleginde bu söz Waalama garşylyk görkezen Hudaýyň perişdesine degişli ulanylan.

Ýone Köne Äht,Paýgemberler Kitaplary we Zeburyň niresinde duşuşmasyn bu söz Hudaýyň adamlarynyň we her hilli ýagşylygyň iň uly ylahyý duşmanyna derekli aýdylýar.Şonuň ýaly Täze Äht kitapyndada bu söze tiz-tiz duşuşmagymyz mumkin.

Şeýtanyň Täze Ähtda giň ýaýran ady “iblis”bolup,” töhmetçi”,ýada “galp garalawçy”diyen manylary bildirýar. Täze Ähtda Şeýtanyň gelýan bir näçe ruhyý söweş hakdaky düýpli düşünjelerini öwrenip başlaýas.

Mowzugymyzyň başynda :biz imanlylar bu ýerde dünýawiý haýatda nahilli”ýoremagimiz” gerekdigi hakda ýokardan görkezme alýanymyzy we bu hakykatlary aýdyp geçmegimizi orunly diyip hasaplaýas.

Mukaddes Ýazgylaryň böleklerini görüp çykanda entegem,öz ruhyý haýatymyz esaslary hakda käbir düşünjelere eýe bolýas.Biz ruhyý söweşde “esger”hökmünde özümizi nahilli tutmagymyz gerekdigi hakda bize görkezmeler berýar.

Gündäki ruhyý söweşlere çekilen esgerler hökmünde,biz imanlylar,mälim bir ruhyý faktlary bilib goýmagymyz zerur.Çunki bu faktlar düşman bilen üstünlikli söweş etmekde oran gerek bolýar.

Iblis we onuň gullukçylaryna garşy söweşde netijeli hereket etmek uçin hemişe berk imanda bolmagymyz gerek.Şonuň bilen eziz doganlar mowzugymyzy şu ýerde gutarýas.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top