Salam eziz moştaklar,siz eziz doganlarymyz bilen düşuşup duranymyzdan oran begenýaris.Hormatly doganlar,çaga dogulanda ol dogrudan dogry ol maşgalanyň bir bölegine öwürilýar.
Şu bilen bille bu çaga seretmeli,iymitlendirmeli we sagdin we guýçli ösmegi uçin anyk bir maşgalanyň agzasy bolmagy gerek.Bu ruhyý haýata hem dogry gelýar.
Siz täzeltenden dogulanynyzda dogrudan-dogry Hudaýyň umumy ynsanyýet, maşgalasynyň agzasyna öwürilýanyz,emma şu bilen bille Hudaý maşgalasynyň ýerli agzalygyna hem goşülýanyz.Jemagata gatnaşmak we jemagadyň agzasy bolmak ortasyndaky tapowut bagyşlanmakdir.
Gatnaşýanlar daşdan durup gözegçilik edýanlardir,agzalar bolsa hyzmat bilen meşgullanýanlar.Gatnaşçylar jogapkärçilik bilen paýlaşmazdan durup jemagatdan peýdalanýarlar.Olar bir-birine baglanman ýaşaýan jübitliklere menzeýarlar.
Ezizler,näme uçin ýerli jemagat maşgalasynda gatnaşmak şonça möhzm.Çunki bu siz diňe teoretiki taýdan däl,belki hakykatda ruhyý aga-inileriniz we uýalarynyza bagyşlananyzy tassyklaýar.Hudaý sizden kämil kişileri däl belki hakykyý kişileri söýmeginizi isleýar.
Siz butin ömür kämil jemagat agtarmagynyz mumkin,emma ony hiç haçan tapyp bilmeýanyz.Siz kämil däl günakärleri tä Hudaý olary söýani ýaly söýmeginiz gerek.Resuller Ierusalimdaki masihiýler bir-birlerine görä bagyşlanmagyna oran anyk çemeleşenler.
Olar dogançylyga bagyşlanandylar.Mukaddes Kitapda şeýle ýazylan:” Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.”Resuller işleri 2 bap 42 aýaty.
Hudaý sizden bulara häzirki günde hem bagyşlanmagynyzy isleýar.Masihyý haýat diňe Mesihe bagyşlanmakdan gora giňrekdir:bu başga Masihiýlere hem bagyşlanmagy öz içine alýar.Makedoniýadaky imanlylar muny düşinendiler.
Resul Pawlus şeýle diydi:” Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler. “2Kor haty 8 bap 5 aýaty. Ýerli jemagatlaryň agzasyna öwürilmek-siz Hudaý perzenti bolanynyzdan soň tebigyý basgançagydir.Siz Mesihe bagyşlanmak arkaly masihyý bolýanyz,emma siz özünizi anyk topardaky imanlylara bagyşlamagynyz arkaly jemagat agzasyna öwürilýanyz.Birinçi karar halas edýar,ikkinjisi bolsa dogançylygy şekillendirýar.Höş sag aman boluň.
.