4:01

Pul barada pikirler

MP3

Salam gadrly dinlejiler. Bu gunki söhbetymyz uly-kiçikleri, bay-garyplary
barabar gyzyklantiryan, özine çekyan pul hakynda bölyar. Pul –bu näme
özi? Ol käbirlari uçin bagt bolsa, käbirlar uçin oňat ýaşaýşyň esasy,
ene käbirlari uçin bolsa bir zatlar satyn almagy uçin gymmatly kagyz.
Aslynda pul hiç zat dal ol diňe bir kagyz,emme şonuň bilen birlikde
käbirlar uçin ol hamme zat hem. Pul käbirlar uçin arzuw –umyt, aňsatlyk
bilen arkayin yaşamak, hälän zadyny etmek,islan zatyna gazanmak
mümkinçiligi. Käbirlar manlay dery bilen gelyän we onçaklim köp bolmayan
gymmatly kagyz. Pulyň bary ya-da ýoklugy adamlaryň ýaşaýyşyna täsir
etyar.

Çindan hem pul hemmemiziň ýaşayyş sypatyny özgertyar. Ýöne kişiniň pula
bolan düşünjesi(garaýyşy) onuň ýaşaýyş we adamlara bolan aragatnaşygyna
täsir etyar. Ynsanyň pula bolan düşünjesi oňüň yaşlygynan bir şekile
gelyar. Ene-ata özleri bilmedik yagdayda çagalaryna pula bolan garaýyşyny
sindiryarlar. Meselen kynçylyk,agyr zahmet bilen pul täpyan atalar:” Pul-
agaçda ösmýar,ony kynçylyk bilen tapyaň”-dyip düşündiriyarlar.
Gyinalmasdan pul täpyan çakgan ene-atalar: “ Pul tapmak kyn dal möhümi
pul nireden çikyjagyny bilseň bolany”-dyip düşündiriyarlar. Kä bir ene-
atalar:” Bahtny we saglygy pula satyn alyp bolmayar”-diyerler.
Ynamly,dindar maşgalalarda bolsa:”Pul zalymlygy döretyar,puluň küýüne
düşmek Hudayýdan daşlaştiryar. Pul eyesiniň jennete düşmagine päsgel
beryar.”-diyp pikir bildiryarlar. Şeylelikde ene-atasynyň pula bolan
düşunjesi çagalaryna-da çeçyar. Pul hakynda dögry pikir alyb baryanlar öran
az.

Elbette pula bahtny ,söyginy,saglykny satyn alib bolmayar.Puly az adamlar
hem bahtly bolmaklary,söygi bilen hayat geçirmaklari mumkin. Çindan hem
pulyň küýüne düşmek adamy öz ygtykatlarynan daşlaştiryar. Mukaddes
Kitabda Isa Mesih şeyle diydi:”Hiç kim iki hojaýyna hizmat edip bilmez.Ol
ýa birini ýigrenip,beylekisini söýer,ya-da birine wepaly bolup,beylekisini
äsgermezlik ader.Siz hem Hudaýa,hem baylyga hizmat edip bilmersiniz”(Matta
6:24). Adamyň pula bolan düşunjesi Hudayiň nazarynda hem dögry bolmaly.Pul
bagt,rähnet geltirib bilmes, emma önüň yoklygy hem oňy aldynkydan
bahly-rähetly edip goymayar. Pula dogry düşünjede bolan adam oňy yamanlyk
yolünda ulanmayar. Yahşy ellerdeki pul eyesine we yanyndakylara yahşylyk
we sahylyk getiryar. Köpçilik öýlaýşynçe pul zulum ojagy dal, gaytam
pula bolan güçli duýgy zulum ojagy bolyar.

Ynsanyň pula bolan düşunjesi onuň nahilli ýaşayýşyna,näçe pul tapyanyna
hem täsir edyar.Hetdenaşa pula berilib gidenler ynsanyi hümmetler,
rehimlilik,ýagşylyk, akgöwünlilik gadr-gymmat yaly tüýs häsiýetlerden
mahrum bolyarlar. Pulny zulum ojagy ,pulyň köpdygy adama ziyan getryar
diyip bilenler bolsa az pul tapib zordan gün geçiryarlar.Bu ikki yagday
hem dogry dal. Pulny Hudaýyň serpaýy diyb bilmely. Emma oňy ýaşaýyşyň baş
maksaty edip goymaly dal. Siz oňat yaşamagynyz uçin eterly pul tapmagy
başarynyz. Hudayý beren güýç ,zehiny maşgalanyz uçin eterly derejede pul
tapmaga sarp ediň. Emma maksatynyz diňe pul tapmak bolüp galmasin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top