3:17

Òý Toparlary

MP3

Salam eziz moştaklar . Siz bilen duşuşanymyz uçin Hudaýa şükürler aýdýas.Ezizler,siz bilen ýenede kiçi öý toparlary hakdaky mowzugymyzy dowam etdirmek niýetindediris. Eziz doganlar,her bir mesihyý doganlaryň onünde goýulan esasyý maksat bu-dunýa Höşhabar ýaýratmakdir.

Şonuň ýaly kiçi oý toparlarynyň hem esasyý maksatlaryndan biri şu bolmagy gerek.Dogry,Höşhabar ýaýraýar,ýone nazarymyzda onki ýaly däl.Dogry,häzir ýagdaý hem oňki ýaly däl.Ýone näme etmek gerek?Oýlaýişymçe,diňe oňe garap ýöremek arkaly bellän maksatlarymyza ýetişýas.

Ezizler,men bu gepleri geplanimde özümiziň watanymyzy göz önümde tutup aýdýan.Göz önünize getiriň kimdir galyn tokaýda azaşyp galdy.Näme etmegi gerek?Elbettde oňe garap ýöremagi gerek.Diňe şonda ol tokaýdan çykyp gitmek uçin anyk bir ýoly tapýar ýada ýolda kimdir birine duş gelip,oňa dogry ýoly görkezip ibermagi mumkin.

“Ažzaşyp galdym,boldy,indi barysy gutardy,barybir ýol tapyp bilmeýan”-diyip umutsyzlyga düşen adam ýerinde oturywerýar.Ahrym halkymyzda bir gep bar:”Hereketde-bereket”diyen.Diýmek,hereket etsek,Hudaý hyzmatymyzy ýenede bereketli edip kop hasyla eýe edýar.

Kiçi öý toparlarynda özüne görä agzybirlik we maksatlary bolsa,elbettde topar tiz we onat ösüp barýar.Meselen,änçeme tejribeli doganlar Hoşhabar ýaýratmak bilen meşgullanmaklary mumkin.Elbettde ýanyna topardaky täze doganlary ýada Höşhabar ýaýratmaga onçaklym tejribesi bolmadyk doganlary şägird höküminde almagy mumkin.

Höşhabar eşidenleri bolsa kimdir garşy alyp,olar bilen ýenede işlemagi dowam etmekleri mumkin.Indi bunuň ýaly meýilleşdirmeleri her bir kiçi öý toparlaryndaky doganlaryň özleri billelikde çözmekleri mumkin.Meselen men özüm gatnaýan öý toparynda şeýle meýileşdirdik.

Ýylyň başynda billelikde butin jemagat agzalary duşuşup ybadat edýas we takmynan toparda oň sany dogan bolsa,her birimiz ýylyň soňunaçenli bir adamdan Höşhabar aýdyp,ony topara alyp gelmage hereket edýas.Görýanyzmy ýylyň soňunda ýene bir täze öý topary peýda bolýar.

Diymek,Höşhabar ýaýratmak uçin gyzykly we adamlara makul gelýan durli meýilnamalar düzmagimiz mumkin. Hudaýa şükür,bunuň ýaly meýilnamalaryň esasyý bölegi işleýar.Diňe toparymyzy tiz-tiz ruhlandyryp durmak we düzilen meýilnama uçin billelikde ybadat etmek doganlara ýenede guýç bagyşlaýar.Eziz doganlar,şonuň bilen mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top