4:09

Masihyň biz uçin ybadaty

MP3

“Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir. Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym. Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar. Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi. Indi Men Seniň ýanyňa barýaryn. Olar Meniň şatlygymdan dolsun diýip, bulary olara heniz bu dünýädekäm aýdýaryn. Men olara Seniň sözleriňi ýetirdim, dünýä bolsa olary ýigrendi.

Çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler. Olary dünýäden almagyňy däl-de, şeýtandan goramagyňy dileýärin. Meniň bu dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da bu dünýäden däldirler. Seniň sözüň hakykatdyr. Hakykatyň arkaly olary mukaddes et. Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men hem olary dünýä iberdim. Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim. “ Salam ezizler.Ybadat mowzugyna bagyşlanan programmayza hoş geldiniz.Rebbimiz Isa ölüm bosagasynda durup şägirdleri bilen höşlaşýan ekeni,olary gorky basanyny we olor ýaňyz galýanlaryny görüp durýady.Şägirdler,mugallymynyň ölüşine hiç hem ynanmýadylar.Hudaý olora geljekde ondanam beýik täsinlikleri görkezişini olor hali düşümnesdiler.

Isanyň ölümi hakda olor kop eşiden bolsada ynanmaklary oran kyndy.Onuň haçdaky ölümi arkaly şägirdler Hudaý bilen ýenede ýakynrak boljaklaryny bilerdi,ýone bigünä Mugalymynyň ölümine razy bolmaklary kyndy. Ýone dygkatymyzy edil hazraty Isanyň şägirdleri uçin eden ybadatyny uns bilen görüp çykýan ekenik,oloryň ýaňyz galýanlaryndan hezraty Isa oran alada ekenini görmegimiz mumkin.

Bu ýerde heztarymyz şägirdlerine bolan çäksiz soýgsin görkezip,olor uçin Hudaýdan goldamagyny soraýany geň galarly.Onuň şägirdleri uçin eden ybadaty tä Hudaýa aýdylan nalyşa menzeşdi.Ol tä Hudaýyň ýanynda durup Atasyna dogrudan dogry şägirdleri uçin ýalbaranyny gormek,olora bolan söýgisi çyndan hem çäksizdiginiň subutydyr.Biz na,biz hem şonuň ýaly ybadat edýasmy?Biziň hem ybadatymyz söýgä dolymy?Biz hem Hudaýdan ýalbaryp,Onuň aýaklaryna ýykylyp doganlarymyz uçin ybadat edýasmy?Menimçe ýok.Tersine kopçiligiň ybadaty,tä islegler sanawyna menzeýar.Ybadatlarda kopçilik ýürege dälde,gaýtam aňňyna daýanyp,öz höwesine berilip Hudaýa ýüzlenýar.Ýone Hudaý bunuň ýaly ybadata jogap berermika?Gyzyk sorag?Ezizler egerde siziň ybadat mätäjliginiz bolsa biziň internet saýtymyzda habar galdyryň.Biz siz uçin ybadat edýas.Adlarynyz efire koyberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top