4:45

Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap

MP3

Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.(Gelip çykyş 2:2,7).

Salam ezizler.Bugunki söhbetimiz haýatymyzyň esasyny goýujy Ýaradyýjymyz we Perwerdigarimiz Hudaýymyz Reb hakynda bolýar.Kimdir Hudaýy görenmi?Bu soraga jogap bermek kyn.Kimdir Hudaýyň nahillidigini bilýamy?Howwa,Onuň nahillidigini Onuň Sözünden bilmek mumkin. Onuň nahillidigini Oňa eýeren,tabun we hudaýlykly adamlardan bilmek mumkin.Oňy bilmagi isleýaňyzmy?Oňy ýakyndan bilmegi,onuň nahillidigini,häsiýetlerini bilib almagy kim islemeýar diýaňyz?Şonuň uçin bugun mumkinçilik barynça Onuň häsiýetlerini açyp bermaga hereket edýas.

Ilk bar Hudaý bilen aragatnaşykda bolan we Onuň merhemetinden peýdalanan insan bu Adam Atady.Hudaý oňy ýaratdy,oňy baga ýerleştirdi,güna edenine seretman oňa geýim dikip berdi.Hudaýy bilen,Onuň merhemetini gören insanlar Ybraým paýgembereçenli kop bolan.Ýone Ybraým paýgember haýatyny ökap öwrenýan bolsanyz Hudaýyň häsiýetlerini anyk görýanyz.” Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.Senden beýik millet ýaradyp,Men seni ýalkaryn,

adyňy arşa götererin,başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.3Seni ýalkany ýalkaryn,seni näletläni-de näletlärin;Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar».(Gelip çykyş 12:1-3).

Hudaý Ybraýma merhemet etdi.Aslynda Ybramy saýlamagyna Hudaý bilen aragatnaşyk etmagine Onuň hemaýatyna mynasyp däldi.Şeýle bir Hudaý ony saýlady.Haýaty dowamynda oňy oran kop gezek howp-hatardan saklady,merhemetledi.Onuň uçin galkan boldy.Nirede bolmasyn Hudaýyň eli ol bilen bille boldy.” Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar”(Gelip çykyş 15:1). Ine şol aýadyň özünden Hudaýyň nahilli sadakatly,mähriban we geçirimli ekenini görmegimiz mumkin.Ybram paýgember hem biz ýaly adyý adam bolan,ol hem güna eden,ýone Hudaýy geçirimli Onuň uçin alaçsyz zadyň özi ýok.

Çyndan hem insanlar uçin äläçsyz bolan zat Hudaý uçin äläjy bar.Hudaý 100 ýaşa giren Ybramdan 90 ýaşa giren Seraýdan perzent döretdi.Ol ölilerdi direltip bilýar.Gaýadan suw çykaryp bilýar. Gökden çörek iberip bilýar.Bularyň barysyny Ol Oz halkyny hemaýat sag aman saklamak uçin eden.Hudaý Ysraýyl halkyny Müsürliler elinden halas edip gelýanynda ýol boýunça olora gerek bolan bary zatlary berdi.Halk hiç zada zär bolmady.Olor et iýmekleri uçin bedeneleri iberdi.Çörek iýmekleri uçin asmandan manna ýagdyrdy.Garankyda ýoldan ažaşmaslyklary uçin alawly agaç şeklinde olora ýol görkezip bardy.Suwsanlarynda gaýadan suw çykartyrdy.Bimaza suw içmeslikleri uçin suwy süýji edip berdi.Onuň häsiýetleri hakynda ýene uzak wagt gepleşmek mumkin.Bularyň bary Hudaý Öz perzentleri uçin mähriban ,adalatly galkan ekenini görkezýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top