3:23

Köne tebigat

MP3

Salam hormatly moştaklar.Ýene siz bilen düşuşup duranymyzdan oran minnetdaris.Eziz doganlar,Hudaý kimdir birini halas edeninde Ol täze bir şahsy döretýar. 2Korintoslylara hatynyň 5 bap 17 aýatynda şeýle diyip ýazylan:

“Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!” Ezizler,bize mälim boluşy ýaly gaýta dogulmak diyeni,ýokardan dogulmak diyenidir.Eziz doganlar,ýene Ýohanna hatynyň 3 bap 3 aýatyny hem okäp görsek: “Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi. Biz insanlar Hudaý bilen ýaraşanymyzdan soň,özümiziň hereketlerimiz bilen hiç zady özgertip bilmeýas.

Haýatymyzdäky her hilli özgerişlerde Hudaýyň aralamagy bardir.Diňe Hudaýyň Özi bize täze tebigaty bermegi mumkin.Eziz doganlar,biz wagtlaýyn bu günakär dünýada ýaşaýan ekenik,biz toba edenimizden soň hem köne tebigatymyz bizi doly taşlap gitmeýar.

Diňe täze tebigatymyz we peşgeşlerimiz assa-ýuwwaş köpelip barýar.Haçan iman bilen Hudaýyň ýanyna gelenimizde,biz ýokardan dogulýas.Hudaýyň onüne iman bilen gelen insan köne ýolundan barmagy isläninde hem Hudaý olary başga ýola başlap barýar.

Ýokardan dögülan insanlary her biriniň haýatyny elbettde özgertýar.Täze insanyň haýty hem elbettde täze bolmagy gerek.Mukaddes Kitapda hem Hudaý insanlaryň haýatyny nadip özgertenligi hakda kopläp mysallar bar.Meselen Pawlus ýada Zakkaýyň haýtyny alaýliň.

Hudaý olary bir salymda täze insan edip özgertdi.Aslynda “aklanmak” diýen söz sudlanýanlara degişli.Sudýa kinidir bagyşlasa,oňy aklamagy mumkin.Sudýa şu insaňy bagyşlap aklanyndan soň hem aklanan özüni aýpdar ýaly duýmagy mumkin.

Hatta aýrym memleketlerde her zamanda sudýanyň önüne gelip,öz haýaty hakda hasap berip durýar.Hudaýdan alynan bagyşlaýyş bolsa insaňy butinleý günäsiz edýar.Indi ol hiç haçan bagyşlän günalerinizi gaýta ýatlamaýar.

Eziz doganlar,kimde-kim öz haýatynda hiç hilli özgeriş duýmaýan bolsa ybadat arkaly Hudaýa ýüzlensin.Belki nämedendir ýüz dönderip bilmeýandirsinz.Hudaý ýardam soran insaňy hiç haçan ýalnyz galdyrmaýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top