MP3

“Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip dolaýyn? (Zebur 115:3).

Salam gadrdanlar. Bu dünýada kimedir bergidar bolup ýaşamak öraň agyr.
Bergidar düýgusy we boýnuňyzdaky borçnama sizi bir pursat hem dynç
goýmaýar. Tä alan karzyňyzy töleýinçe uýkyňyz hem uky bolmaýar.Şonuň uçin
hem gadymkylar”Karz alma ,karz aragatnaşyklary bözýar”-diyenler. Karzdar
diyende koplanç maddyý serişde tarapdan alynan karz göz onünde
tutylýar.Çyndan hem kimnendir pul karz almak öraň meseleli ýagdaý.Bu
ýagdaýa degişli öran köp çaknyşyklar bar.Ýone bugun biz geplemekçi
bolanymyz butinleý başgaça karzdarlyk hakynda.Eger söhbetimizi we Mukaddes
Kitapdan getrilen bölekleri uns bilen diňleseniz,onuň nahilli karzdarlyk
ekenini bilip alýanyz.

Hezrati Dawud özünuň Zebur kitapynda bu karzdarlygy nahilli ekenini anyk we
düşunerli edip aýdyp geçen: “Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip
dolaýyn?(Zebur 115:3).Çyndan hem Hudaý bize eden ýagşylyklarynyň öwezini
üzip bilmaýas.Şonuň uçin hem karzy üzmek hakynda däl,Hudaýy razy etmek
hakynda oýlamagymyz gerek.Bu meselä hem Dawud dogry çözme tapan: “Gutulyş
pyýalasyny galdyryp,Rebbim diýip Ony çagyraryn..Bütin halkynyň öňünde,Reb
öýüniň howlularynda,eý, Iýerusalim, seniň içiňde,Rebbe eden kasamlarymy
berjaý ederin.Rebbe şan-şöhrat bolsun.”(Zebur 115:4-10) Hudaýyň bize eden
ýagşylyklarynyň öwezini hiç haçan üzip bilmers,şonuň uçin hem Hudaýyň
emrlerine ämal edip ýaşaş iň dogry ýol hasaplanýar.

Resullerden Pawlus ýene bir karzdarlyk hakynda aýdýar: “Men medeniýetli ýa-
da medeniýetsiz, sowatly ýa-da sowatsyz adamlara, garaz, hemmelere Hoş
Habary wagyz etmäge borçludyryn. “(Rim 1:14).Bu nahilli karzdarlyk
boldy?Eger Mukaddes Kitapdan bu aýatdan sonky aýady okasanyz,onuň nahilli
karzdarlyk ekenini bilip alýaňyz: “Şonuň üçin-de, size, Rimdäkilere hem Hoş
Habary wagyz etmegi küýseýärin.”(Rim/1:15).Bu höşhabary etirmek
karzdarlygy.Ryhyý karzdarlyk.Ynsan Hudaýy hakyndaky iň mähirli Höşhabary
eşiden eken,bu habary etirmek uçin başgalaryň onünde karzdar
hasaplanýar.Hiç kim bir birinden üstin,bir-birinden ähimiyetli däl.Hemme
bir hilli Hudaýyň onünde karzdar.Şonuň uçin hemme öz çägini bilmeli.” «
Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan
almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly
öwünýärsiňiz?!” (1Korint 4:7).

Hudaýyň onündäki ruhyý karzdarlygymyzy az-kem tölemek uçin näme etmek
gerek?Bu soraga hem Mukaddes Kitapda jogap bar.Onda şeýle diyilýar: “Eýsem
siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny
bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki
dälsiňiz. Siz baha, onda-da uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, öz
bedeniňiz bilen Hudaýy şöhratlandyryň.”(1Korintos 6:19-20)

“Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini
bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar
bolmalydyrys.” (1Юҳ 3:16).
Pul bilen bagly karzdarlyklar üzilip gidýar,biz haýtda esasyý
karzdarlygymyzy unutmaslygymyz gerek.Şoňa görä haýat geçirsek,iň netijeli
we Hudaýy hoşal edýan haýat geçiren bolýas.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top