MP3

Salam ezizler. Bugun hem söhbetimiz dowamynda Elýaşa paýgembere hyzmatkärlik
eden Geýhazy hakynda gepleşýas.Geçen gezek söhbetimiz sonuna etmepti
Gehazynyň bary häsiýetlerini açyp berip bilmepdik.Bilýanyzmy, Elýaşa
paýgember nire barmasyn,hyzmatkari hem ol bilen bille bolan.Olar ýagşy-
ýaman günlerinde bille bolanlar.Bir okaradan nahar iýen bolan bolsalar giň
däl. Elýaşa adamlar arasynda nahilli täsinlikler etmesin,ony bu täsinlikler
kimiň guýji bilen edýanyny hem bilýady. Elýaşanyň Hudaýy onuň hem Hudaýy
dälmidi?Biz-eger kişi ýagşy adamlaryň ýanynda bolsa ýagşy bolýar,ýaman
adamlaryň ýanynda bolsa ýagşy adam hem ýaman bolup gidýar diýip
ýanlyşýas.Insan nahilli adamlaryň ýanynda bolmasyn,ýagşy ýa-da ýaman bolmak
onuň ygtyýarynda.
Nazarymyzda Geýhazy Elýaşa paýgember bilen bille ýören bolsa hem,tuýs
ýürekden Hudaýa ýüregini beren adam bolman.Ol Elýaşanyň arkasyndan gelýan
sowgatlara gyzygany anyk.Mukaddes Kitapda onuň Nagaman yzyndan baryp
dört pud ýagny 68 kile gumuş we geýim-geçimleri alany ýazylan.
Ýone pikrimizçe bu işi bir gezek etman.Çunki birinji gezek beýle iş edýan
kişi özüni beýle arkaýyn tutmaýar.Oň hem şonuň ýaly iş eden,Elýaşa
düýman.Ýa-da duýan bolsa hem onuň özgermagine we toba etmagine mumkinçilik
beren.Ýone Geýhazy buny düşunmedi.Şonuň uçin hem Elýaşa oňa:” «Nagaman seni
garşylamak üçin arabasyndan düşende, men ruhda seniň bilen dälmidim? Bu
kümüş, egin-eşik, zeýtundyr üzüm baglary, goýunlar, öküzler we gullardyr
gyrnaklar alynýan wagtymy näme? Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden
we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi.

Ahmyr toba etmaga indi giç bolypty.Elýaşa bu gepleri aýdyşy bilen , Geýhazy
gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.Bu
tämakinlik maddylyga bolan guýçli söýgisi ony şol ýagdaýa salypty.Oňa näme
etenokdy?Ol Elýaşa bilen bille bolonynda aç-ýalanaç galmandy,hiç zada mätaj
bolman.Öz öýi we hizmatkarlari bolan.Bundan başga näme gerek?Baýlyga höwes
etmek kişini ýaman ýagdaýa salyp goýar.Geýhazynyň eden ýaman işi hakynda
geplep ony butinleý ýaman adama çykaryp taşlamakçi däl.Çunki bu adam
butinleý ýagşy ýa-da butinleý ýaman bolmagy mumkin däl.Ýadynyzda bolsa
Elýaşa şunemli gurply aýalyň öýine geleninde hyzmatkarinden bu aýal uçin
näme etmagim gerek ?diyip sorady.

Elýaşa hyzmatkari Geýhazy pikrini bilmekçidi.Geýhazy hem dogry maslahat
berdi.Ol aýalyň perzentsizlygyna gýnanyp Elýaşadan bu aýala ýardam bermegi
soradi.Ol çynddan hem bu aýalyň ýagdaýyna gýnandy.Oňa özi ýardam berip
bilmese-de Elýaşa oňa ýardam bermagi mumkinligini bilýady. Çunki ol Hudaýyň
Elýaşa arkaly eden işlerini kop gezek görupti.Ol unusli we tapgyr şahs
bolan.Ýogsam aýalyň perzentsizlikden gýnalýanyny dýüman we gorip bilman
bolordy. Elbettde ol Elýaşa tuýs ýürekden hyzmat eden. Beýle bolmanda Elýaşa
ony hyzmatkar edip saýlamasdy. Görüp duranynyz ýaly tämakinlik baýylyga
höwes kişini koplanç oňaýsyz ýagdaýa salyp göýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top