MP3

Salam eziz raio diňleýji aga-iniler we aýal doganlar.Masihdaky haýat diyip atlandyrylan programmamyza höş geldiňiz.Ezizler bugunki hekaýamny men “biziň hakyký öýimiz”diyip atlandyrdym.Geliň näme hakda gep barýanyny indiki rowaýatdan düşunip alýanyz diyip umyt edýan.

Bir gahryman dostuna öwrilip .” Biz bir gun däl bir gun bu dunýany terk edýas.Şonuň uçin adymyz taryhda möhürlamagymyz uçin bary etmagimiz mumkin bolan işleri sonunaçenli ýetirmagimiz gerek”, diyiptir.Gahrymanymyz dünýada oran meşhur we abraýly adamdy,şonuň uçin ol takdyryny çetläp geçip,ebediý ýaşaýyşy arzuw ederdi.Ýone näçe dölete eýe bolmasyn,garrap guýçleri hem oňy terk etmagi başlady we ölime berdaşlylyk berip bilmesligine göz ýetireninden soň, hiç bolmanda ady ýyllar dowamynda adamlaryň dilinden düşmesin diyip hereket etdi.Onuň öliminden soň,oran kem adam onuň edip geçen işlerini ýatlady.Eger gahrymanymyzyň gepine seredip oňa gulak salýan bolsak,biz bugun ömrimizi at galdyrmak uçin we döwlet ýygnamak bilen ýaşap geçmagimiz gerek bolýar. Näme bolmasyn bugunki sapakymyz bize döwlet arttyrmakdan we ýagşy at galdyrmakdan änçeme gymmat baha baýlyk hakynda öwretýar.Dünýa bizi şeýle özüne çekip alýar,biz hatta özümizi nira degişlidigimizi we biziň hakyký öýimiz nirede ýerleşenini unutyp goýas.Geliň Mukaddes Kitapdaky Matta höşhabaryndaky 6 bapyndaky aşakdaky aýatlary dile alsak.

“Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. Emma siz agyz bekläniňizde, başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň. Şonda siziň agyz bekleýändigiňiz adamlara däl-de, diňe ýaşyryn Ataňyza görner. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.” “Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen pos iýýändir, munda ogrular girip ogurlaýandyr. Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr. Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar. Gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. Eger sendäki yşyk garaňky bolsa, onda ol nähili elhenç garaňkylykdyr!Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.”

Ezizler bugunki alan sapaklarymyzy aňymyzda berkleşdirmek uçin size käbir soraglary taýynlap goýdym.Olor : Agyz beklande imanlylar özüni nahilli tutmaklary gerekdigi hakynda hezrati Isa Mesih näme diydi? Arttyran baýlygymyz bilen näme bolmagy mumkin?Siziň haýatynyzda hem şoňa menzeş ýagdaýlar bolanmy? Size haýsy baýlyk gowy,ýerdaki baýlykmy ýada Hudaýyň şälygyndäky baýlykmy? Adam hem pula hem Hudaýa hyzmat etmagi islese nahilli bolýan eken?Bary jogaplarynyzy biziň elektron menzilimize ýollaň ýada saýtymyza girip habar galdyryň.Bary şahsyý maglumatlarynyz anonim galjagyna kepillik berýas.Ýagny hiç hilli at,menzil efirda aýdylmaýar.Höş ezizler.Hudaýyň merhemeti barynyza ýar bolsun.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top