5:41

Hudaýyň Ruhy

MP3

Salam gadrlylar.Hudaý bize Mukaddes Ruhyny name maksatda iberdi? Bizde we biz arkaly Masihyň haýatyny ýaşamak uçin,çunki Onuň maksaty-biziň Oňa menzemegimiz. Ýaradylmak hakda Hudaý näme diyeni ýadynyzdamy? Gelip çykyş 1:26” Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. “diydi”. Hudaý näme uçin bizi Özünuň keşbinde ýaratdy? Biz bilen aragatnaşykda bolmak,biz Oňa bagly bolmagymyz,Ony tanap-bilmegimiz we Onuň söýgisinden haýyrlanmagymyz uçin.Hudaý butin insaniýete Özüni görkezmegi isleýar.Hudaýyň Ruhy daglarda däl,Hudaýyň Ruhy nahillidir belendlikde ýada daragtlar arasynda däl.Bularyň barysy Hudaýyň barlygy we Onuň gudratyny görkezýar,emma Hudaý näme etmegi saýlady?Bizi öz keşbinde ýaratmak uçin Ol bizi özgertmegi gerekdi.Şonuň uçin halas bolan adam-ýagşylyk etmage karar eden adam,diyip hasaplanmaýar.

Isa Mesihy özünuň şahsyý Halasgäri,diyip kabul eden adam halas bolan adam hasaplanýar.Şu wagt Hudaýyň Ruhy olara täze ruh berýar. Indi ine şu ruh sebäbl Hudaý bilen aragatnaşykda bolup bilýas.Ažaşan adamyň Hudaý bilen hiç hilli gatnaşygy bolmaýar,çunki munuň mumkinçiligi ýok.Fizikiý bedende biz duýgularymyz bilen özära gatnaşykda bolýas.Aňymyzda bolsa daşky şertler bilen gatnaşykda bolýas.Ruhymyz bilen bolsa Hudaý bilen gatnaşyk edýas.Mukaddes Ruh içinizde mesgen tapmaýan eken,siz Hudaý bilen gatnaşyk edip bilmeýanyz,çunki Hudaý Özünuň Ruhy arkaly biziň ruhymyz bilen gatnaşyk edýar we bize nasihatlar berýar,Ozünuň barlygyny bize bildirýar.Diýmek,eger kimdir :”Mende Mukaddes Ruh ýok “ diýse şol adam Masihyý däl.

Rimliler sekkizinçi bapynda Pawlus anyk edip aýdan- kimdir Mesihyň Ruhyna eýe bolmasa,ol Mesihniki däl.Her birimiz Hudaý bilen aragatnaşyk edip bilmegimiz uçin Mukaddes Ruh içimizde ýaşaýar. Ol bize haýatda dogry ýol görkezmegi,bizi ruhlandyrmagy we Hudaý isläni ýaly insan bolmagymyz uçin biz bilen gatnaşyk edip bilýar. Serediň,Ol bizi näçe söýär!Ol butin älem-jahanyň hökümdäry,Ýaradyjysy,Halasgäri,Rebbi we Mugalymy,dolandyryýjysy bolup,Mukaddes Ruh arkaly,biziň haýatymyz arkaly ýaşamak we biz bilen gatnaşykda bolmak uçin geldi. Ol içimizde ýaşamagy mumkin.Biz Ol bilen gatnaşyk edip bilýas.Haýatda Ol islan işleri edip bilmegimiz uçin Ol bize ýardam bermegi,göwnimizi gotermegi,guýç-kuwwat bermegi,ugruktyrmagy we isleg-hereket bermege başarnykly.Hudaýyň beýle ajaýyp barlygy biz uçin oran möhüm.Ol hem Öz barlygyny bize görkezmegi isleýar.

Ýadynyzda bolsa gepimiziň başynda :”Siz haýatynyzda haçan sonky gezek Hudaýyň bardygyny duýansynyz? Hudaýa sejde edeninizdemi?Aýdym aýdandamy? Ýalbarýanynyzdamy ýada Hudaý bilen şahsyý wagt geçireninizdami?Bu wagt siz uçin Hudaýy duýmak uçin iň ýagşy wagt bolanmy?”diyip sorapdym. Siz muny inkär edip bilman,Hudaý ýüregime gepledi,Hudaý şol ýerdedi,muny suratlandyryp bilmeýan,bilenim Ol şu ýerdedi diyenmisiniz?Hakykat bolsa,Hudaý bizden şony isleýar/Ol bize Özüni bildirmegi isleýar.Ýone mesele- Ol bizi näçe söýişini,Onuň söýgisi näçe ajaýyp ekenini biz göz onümize getirip hem bilmeýanymyz .Biz şeýle bir häça seredip”Ol biziň günalerimiz uçin haçda gurban boldy.Bu Omuň soýgisini bildirýar.Biz halas bolanymyzdan soň haýatymyzyň her bir güninde Onuň bardygyny duýup ýaşamagymyz isleýar”,diyas.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top