4:15

Hudaýa umyt baglamak

MP3

Salam ezizler!Haýatynyzda näme umut baglýanyz diyen soraga her durli jogap alýas.Kimdir baýlyga,başgalary guýje,galanlary bolsa gurply tanyşyna umut baglaýar.Bu anawy togtaman dowam etse bolýar.Çunki näçe adam bolsa,şonça pikir bolmagy tebigydir.Ýone siz eziz dostum,siz näme umyt edip ýaşaýanyz?Umytinyzy kime ýada näme baglaýanyz?Geliň şol soraga anyk jogap almak uçin Mukaddes Kitapa nazar salaýliň.

Şol mahal bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Mugallym, baky ýaşaýşa eýe bolar ýaly, men näme ýagşy iş etmeli?» diýip sorady. Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi. Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklaryny?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýip jogap berdi. Ýaş ýigit Isadan: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin-ä, men ýene näme etmeli?» diýip sorady.

Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.

Isa şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, baý adamyň Gögüň Şalygyna girmegi kyndyr. Men size ýene-de şuny aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. Muny eşidenlerinde, şägirtleri çakdanaşa haýran galyp:

«Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar. Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi. Onsoň Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük! Munuň üçin biz näme alarys?» diýdi. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz. Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar. Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.(Matta 19)

Hazraty Isa Mukaddes Kitapda aýdan gepine dykgat ediň.Baýlar esasan baýlyga umyt edip ýaşaýarlar.Garyplar näme,olar kime ýada näme umyt etsin?Elbettde,Hudaýa we Onuň Halas etmagine umyt baglamakdan dogrysy ýokdir.Nämuçin diýanyzmy,çunki bu dünýa ötegçidir.Biz bu dünýa degişli däldiris.Çunki,Hudaýymyz bizi gymmat baha şu günakär dünýadan satyn aldy.Edil,hezraty Isanyň haçda döken mukaddes gany öwezine satyn alyndyk.Biz indi bu dünýä dälde,tersine Hudaýyň maşgalasyna degişlidiris.Dünýa we baýlyk bize hojaýyn däl,çunki dünýa biziň öýimiz däl,ahrym biz indi jennede,ebediý haýata degişlidiris.Şeýle ekeni na pula,na baýlyga ,na bu dünýanyň başga geçip barýan zatlaryna umyt baglamaň.Umyt etseniz diňe Hudaýa umyt edip,barysyny Onuň gudratly ellerine tabşyryň.Sag aman boluň ezizler.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top