2:58

Hudaýa hyzmat etmegiň möhümdygy

MP3

Salam eziz doganlar.Ezizler,siz bilen düşüşyp duranymyzdan oran minnetdaris.Eziz doganlar,Hudaýyň ýeňiş guni baran saýyn ýakynlaşyp gelýar.Şonuň uçin şeýtan sizi durli synaglar arkaly ýoldan çykarmaga ýol bermaň.Ol sizdaki umyty ýoga çykarmasyn.Çunki ine şu umyt Hudaýyň ýeňiş guninaçenli saklanyp galmagy gerek.

Şonuň ýaly günler geler welin,Rebbimiz Isa Mesihyň nury her birimiziň ustimizden nur seçip durar.Ýone şoňa seretman,şeýtan bilen aramyzdaky ruhyý söweş hem dowam edýar.

Eziz doganlar,şu ölüden direlýan guni ýadan bolsak hem,el-ýüzimiz ýaraly bolsada Rebbimiz Özi tarapa çagyryp alýar,çunki Rebbimiz Isa Mesih her birimiziň daşky görünişimize dälde ýüregimize seredýar.

Bundan başga,söweşda gatnaşmagymyz hem Hudaý uçin oran möhüm.Söweşde kimdir ýaralanmagy mumkin,ýene kimdir heläk bolmagy mumkin.Ýone Rebbimiz Isa Mesih bilen billelikde şeýtana garşy alyp barylýan söweşde her bir dogan ýeňip çykjagyna ynanýan.

Hiç haçan yza çekileň.Söweş gutarmagyna biräz wagt galdy. «Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.”1-ji Korintoslylara 15:58.

Häzirki günde Rebbimiz uçin hyzmat etmek onçaklym aňsat bolonok,buny barymyz boýun almagymyz gerek.Elbettde açyk hyzmat alyp barmak änçeme howply bolup,bundanam başga,başga hyzmatçylaryň hem hyzmatyna öz täsirini görkezmagi mumkin.

Ýone Hudaý hemişe danalyk bilen hyzmat etmagimize ýol görkezýar.Elbettde durli kowmalar we meseleleriň bolmagy tebigyý.Çunki Rebbimiziň şägirdleri hem tä şonuň ýaly kowmalara duş geliptiler.

Rebbimiz bizi goramagyna ynanan ýagdaýda ýokarda aýdyp geçen danalyk bilen hyzmatymyzda dowam edaýliň. Eger hiç kim hyzmat etmagi islemese,nadip söweşde gatnaşmagymyz mumkin?

Hyzmat etmezlik,menimçe,söweşde ýeňlmeklige alyp gelmagi mumkin.Eziz dogan,Hudaý beren hemaýat geýimlerini geýinip alyp,Oňa hyzmat etmekde dowam edaýliň.Hyzmatymyz,elbettde sylaglanýar.Hormatly doganlar,şonuň bilen bugunki mowzugymyz öz sönüna ýetdi. Ezizler ýene duşuşýinçenli höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top