3:33

Hudaýa hyzmat

MP3

Salam eziz moştaklar,siz bilen ýene sag aman duşuşup duranymyzdan oran begýanýaris.Eziz dostum,Hudaý sizi dunýada başga nusgasyz ýaratdy.

Hiç kimde sizi şekillendiren esaslaryň barysy ýok.Bu diyeni dunýada hiç kim Hudaýyň siz uçin beren wezipesini berjaý edip bilmeýar.Eger siz Mesih Bedenine özüniziň ýekejje goşantyňyzy goşsanyz,ol ýaradylmaýar.

Mukaddes Kitapda :”Mukaddes Ruhuň berýän peşgeşleri dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Ruhdandyr. Hyzmatlar dürli-dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Reb üçindir. Amallar dürli-dürlüdir, ýöne her kesde ähli zady edýän şol bir Hudaýdyr.” Diyip ýazylan 1-ji Korintoslylara hatynyň 12 bap 4-6 aýatlarynda.

Ezizler,siziň ruhyý peşgeşleriniz we siziň galbynyz Hudaýa hyzmat etmek uçindir.Ezizler siziň ukuplarynyz size dogulanynyzda berilendir.Käbir kişilerde tebigyý geplemek ukupy bar:olar dogulanda geplap dogulýarlar!

Başga kişilerde atletik ukup bar we olar fizik taýdan uly ýeňişlere ýetýarlar.Başgalar bolsa matematika ýada saz ýada mehanika boýunça ukuplydirlar.Hudaý şahadat çadyryny we ybadat uçin gerek bolýan zatlary ýaratmagy isleninde,Ol bary ukuplara eýe bolan hünärmentler we gurujylary şeklendiripti.

Bugunki günde hem Hudaý kişileri Oňa şonuň ýaly hyzmat etmeklerini isleýar.Bary ukuplarymyz Hudaýdan gelýar.Hatta oň güna etmage meýillilik ukuplarymyz hem Hudaýdandir,diňe olar nädogry ýolda ulanylan.

Mukaddes Kitapda:” Bize berlen merhemete görä, her birimiziň dürli ruhy peşgeşlerimiz bardyr. Şonuň üçin-de, kim pygamberlik peşgeşini alan bolsa, goý, özüne berlen imana görä pygamberlik etsin. “diyip ýazylan Rimlilere hatynyň 12:6 aýatynda.Ezizler,tebigyý peşgeşleriniz Hudaýdan ekeni,olar ruhyý peşgeşleriniz ýaly möhüm we ruhýýydir.

Tapowuty-tebigyý peşgeşleriniz dogulanda berilen.Hyzmat etmegi islemeýan kişileriň özleri:”Mende ulanmagym uçin ukuplarym ýok”diýerler.Elbettde bu gulkinçlidir.

Eziz dostum,sizde entek ulanylmadyk,açylmadyk ýüzläp peşgeşler içinizde toplanyp ýatir.Ylmyý barlaglar adamlarda ortaça 500 den 700 çenli durli çeperçilik we ukyplylyk bardygyny görkezýar.

Bu siz oýlanynyzdan hem kopdir.Meselen,siziň aňynyz 100 trillion subutnamany saklap bilýar.Siziň aňynyz bir pursatda 15 000 karary gaýta işlap bilýar. Siňdirme ulgamy hem tä şonuň ýaly.Şonuň bilen eziz doganlar bugunki mowzugymyz hem öz sönüna ýetdi.

Size özümiziň internet saýtymyzy ýatlatyp geçýas.Ýenede programmalarymyz arkaly duşuşýinçenli höş sag aman boluň.eziz doganlar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top