5:34

Hudaý maňa gepledi

MP3

Salam gadrly doganlar.Hudaý haýatynyzda işleýanyny görseniz Onuň ajaýyp işleýişine geň galmän alajynyz ýok.Ol şeýle işleýar welin,Hudaýyň beýle işleýşini haýatynda görmän adamlaryň şaýatlygyny eşidip,”Erteki aýdyp berýanyzmy”diymekleri mumkin.Hudaý uçin çäk ýok.Ol nahilli islese şeýle gepleýar.Islese tä oň käbir paýgemberleriň haýatynda edişi ýaly duýşlar arkaly gepleýär.Islese perişdelerini Ybraýym paýgemberiň ýanyna iberiýşi ýaly siziň hem onünize iberýar.Ýa bolmasa Özi dogrudan dogry size geplemegi,Onuň sesini daşarda tä başga bir adamyň sesini eşiden ýaly eşitmeginiz ýada ýüreginizde maýyl ses bilen Mukaddes Ruh arkaly geplemagi mumkin.Onuň size geplemek ýollary oran kop.Koplanç biz mesihyýlar Hudaýyň bize aýtjak bolan wadalary ýada geplerini Onuň Mukaddes Kitapyndan bilip alýas.

Bundan başga bir doganymyzyň Hudaý hakda aýdanlaryndan Hudaý muny edil bize gönükdirenini duýup,Oňy Hudaýyň sözi ýaly kabul edýas.Gysgasy her birimiziň haýatymyzda Hudaýyň dürli işleýişini bilýas.Bugun bir doganymyzyň ýakynda Hudaýdan alan habaryny şaýatlyk hökuminde siz bilen paýlaşmaga karar etdik.Ol doganymyz şaýatlygyny şeýle diyip başlady:”Men ýakynda Mukaddes Kitap konferensiýasy uçin Afrika barmagyma dogry geldi.Birinçi gezek Afrika baryşymdy.Konferensiýa oran ajaýypdy,Mukaddes Ruha dolan ýagdaýda geçýady.Seminar we sapaklardan boş wagtymyzda biräz dynç alyp naharlanyp başga dowletlerden gelen doganlar bilen tanyşmaga mumkinçilik bolardy.Şonuň ýaly wagtlaryň birinde binanyň töweregini aýlanyp,ybadat edip ýörenimde,bir gara bedenli dogan gelip maňa:”Eý,men seni gözläp ýörin”diyip galdy.

Men bu adam bien oňden tanyş däldim.Konferensiýa gelenimden soň hem ol bilen tanyşmaga ýetişemokdym.Gysgasy,bu adamy ömrümde birinçi gezek görüp durdym.Onuň bu sözlerinden haýran boldum. Ol bilen bir ýerde oturdyk.Ol maňa seredip,”Sen binany görýan,Hudaý bu binany geňeltýar.Soň sen ýaşaýan ýurdynda ýene täze jemagatlar gurylýar”diyip aýdanynda iç-içimden oran geň bolup gitdim.Hudaý bu adama beren sözi arkaly meni ruhlandyrýan we täze işlere çagyrýady.Men ondan meni nädip tapdyň?”diyip soradym.Ol bolsa Hudaý oňa nadip gelänini gepläp berdi.”Men 5 gun oň konferensiýa uçin agyz bekläp ybadat edýadym.Şol wagt Hudaý maňa aýanlyk edip seniň suratyňy göz önüme getirip göýdy.Men Hudaýdan,Rebbim bu adam kim?”diyip soradym.Ol bolsa maňa häzir saňa aýdyp beren gepleri berdi diydi.

Konferensiýa başlananyna ikki gun bolan bolsa,şu ikki günden bäri seni gözläp ýordim”diydi.Biz ikkimiz tä gadrdanlar ýaly mährli söhbetlaşip oturdyk.Hudaý oran täsin işleýar.Umuman tanymaýan adam bilen ruhymyz bir bolany uçin Hudaýda aga-ini ýalydyk. Men bolsa oňa watanymda doganlar bilen bille jemagat gurmagy başlanymyzy we munda Hudaý nahilli işläni hakdaky şaýatlygy aýdyp berdim.Biz şu wagtda ikkimiz hem bir birimizden ruhlanýadyk.Şu wagt we ondan soň hem Mukaddes Kitapdan Hudaýdan alan göwnimizi göteren aýaty Mukaddes Ruh ýatlatdy.1 Kor.14:31” Çünki hemmeler öwüt alar ýaly, hemmeler ruhlanar ýaly, baryňyz gezek-gezegine pygamberlik edip bilersiňiz. “ Ine eziz dogan.Munuň ýaly Hudaýyň Öz perzentleri haýatynda joşgunly işleýanyny görüp,Hudaý nahilli dana we Onuň biz düşunmeýan ýollar bilen işleýany bizi ruhlandyrýar we göwnümizi göterýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top