4:19

Hozikri jemagatlar

MP3

Salam eziz doganlar.Mukaddes Kitapda :” Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez. “diyen aýat (Matta 16:18)bardygyny barymyz ýagşy bilýas.Rebbimiz Isa Mesih jemagady uly guýje eýe ekenini şu aýat arkaly aýtmalçy bolýar.

Eziz doganlar,bina derwezesiniň funksiýasi bu goraýyş,ýagny düşmandan goramakdir.Dowzahyň hem derwezesi bardygy bize mälim.Egerde jemagat diňe ine şu derweze tarap hüjüm etse ýeňip bilýar.Ýone biz “häzirki jemagatlary nahilli gurýas?”diyen sorag döreýar.

Häzirki jemagatlar bu derwezä hüjüm edýärlermi,ýada jemagatlaryň özleri bu derwezeden gaçyp özleriniň derwezeleri arkaly özlerini goraýarlarmy?Doktor Piters özünuň “Höşhabaryň döwürdeş praktikasy”diyen makalasynda “Häzirki günde oran kop jemagatlar özleri hakda oýlap we özleri bilen özleri güýmenip galanlar.

Olar öz agzalaryna oran kop üns berýärler we diňe olar bilen işleýärler.Jemagatlar özlerine çäkler goýup alan we bu çäkleri indilikde özgertmek oran kyn.Jemagatlar diňe jemagat içinde işlemegi bilýär,ýone jemagatdan daşarda işlemegi umumman bilmeýärler.

Bu jemagatlarda ýygnaklar we wagzlar oran kop,emma Höşhabar aýtmak hakdaky wagzlar we ýygnaklar oran az.Bu jemagatlarda agzalary oran kop okatýarlar,emma oran az Höşhabar aýdýyjylar bar.Bu jemagatlarda oran kop işler edýärler,emma kem netije we hasyl bar.

Bu jemagatlar missionerlik hakda oran kop maksatlar düzýärler,emma oran kem hereket we kemçilik missionerlik edýärler.Jemagat özi bilen özi bölüp galyp egoist jemagat bolup galan we olary azaşanlar we Höşhabar eşitmedik şäherler we adamlar diyen ýaly gyzyklandyrmaýar.”

Jemagatlar her bir halk içinde şeýle adatlar we däp-dessurler goýup goýanlar,bu ýerdäki adamlar bu jemagatlary yzda galyp gidenler diyip olara gulak salmaýarlar.

Meselen,bir hil saza öwrenip galmak,bir hil geýinmage öwrenip galmak.Jemagatlar binasynyň bir hil gurulmagy şular jümlesindendir.Meselen,halk medeniýetinde restorana baryp naharlanmak,teatra barmak we toýlar etmegi ýagşy berjaý etseler we bu ýerdäki jemagatlar agzalaryna teatra,restorana we toýlara barmaň diyip öwretse,bu jemagat assa-ýuwwaş halk arasyndan çykyp gidýar we soň halka ýakynlaşyp Hoşhabar aýdyp bilmeýar.Ezizler,bu mowzugymyz arkaly diňe jemagat nahilli özüni töwerekdäki orap duran diwarlaryny açyp goýmagy görkezmekdir.Netijeni bolsa her bir jemagat özi çykarmagy gerek. Bugünki möwzugymyz hiç bir doganlarymyzyň göwnüne degmedi diyip oýlaýan.Höş sag aman boluň,ezizler.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top