3:52

Şägirdinizi ruhlandiriň

MP3

Salam ezizler.Şägird artdyrmak mowzugyna bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.Şägirdiniz adamlardaky peşgeşleri görup bilýan bolsun.Isa on ikki resulleri saýlanynda howlukmandy.Ol Öz hyzmatyny başlanyndan soň Özüne şägirdleri saýlapty.Resullerden Pawlus bu barada şeýle diyendi:” Şu buýruklary berjaý edeniňde, meseläniň anygyna ýetmän, hiç kimi ýazgarma, tarapgöýlik etme. Ine, şularyň baryny Hudaýyň, Isa Mesihiň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn. Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.”(1-ji Timotiusa 5:22)

Şägirdinizi ruhlandyryň,göý ol özüne ynansyn.Şägirdiniz nahilli bolmasyn,ol özüne ynanmagy gerek.Galatiýalylara 2 bap:19-20aýatlarynda :” Men Mesih bilen haça çüýlendim: indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.” diyip ýazylan. Bu aýatda biz Mesih bilen bille haça çüýlenenimiz hakda ýazylan.Şägird ösdürmekde biz esasyý guýjimiz we wagtymyzy şägirdiň köne özligini ýok etmage sarp edýas, kemçiliklerden halas bolmagyna ýardam berýas.Ýone az wagt bolsada şägirdi ruhlandyryp onuň Mesihdaky täze özligini ösdürmagimiz gerek.Dogry,şägird öz insanyý guýjine daýanmaslygy gerek,emma bize guýç-kuwwat berýan Isa Mesihyň goldawy bilen ol hemme zady edip bilişine ynanmagy gerek.

Şägird artdyrmak wagt talap edýar.Şägird artdyrmak jemagatda geçirilýan seminarlar,derslikler ýada kitaplar okamak arkaly amala aşyryp bolmaýar.Şägirdi bir salymda ösdürip bolmaýar.Häzirki zamanda biz hemme zady giň ýagdaýda işlap çykarýas,mysal uçin,maşynlary,öý enjamlaryny,elektrik desgalaryny,gäp-çanaklary.Hatta öýlerimiz hem bir hil şeklde gurylan. Giň işlap çykaryşa çendenaşa öwrenip galandyris,şu sebäbden bunuň ýaly işlap çykaryşy haýatymyzyň hemme pudaklarynda ulanmakçy bolýas.Bu mumkin däl.Her bir şägird şahsyý aragatnaşyk arkaly artdyrylýar.Şägirdleri konweýer usulynda ýetiştirip bolmaýar.Her bir şägird Mukaddes Ruh tarapyndan şekllendirip ösdürilýar.

Bir şägirdi ösdürmege näçe wagt sarp boluşyny diňe takmyn etmagimiz mumkin.Bu tiz ýada assa geçmagi şägirdiň ruhyý ýagdaýina bagly bolýar. Bir zady ynanç bilen aýtmagym mumkin,bu gidiş wagt talap edýar.Isa Mesih Özüne şägirdler saýlanynda olar Hudaýdan gorkýan,adamlardy,hemmesi ýagşy maşgalalardan gelip çykandylar.Şoňa seretman,Isa butin wagtyny şu şägirdlerini ösdurip ýetişdirmage sarp edipti.Mesih kämil Mugallym bolsada,şägird ösdürmage doly uç ýylyny bagyşlandy.Şeýle eken,bize hem şägird ösdürmek uçin keminde uç ýyl gerek bolýar.Rebbim hyzmatynyzy Özi berekelep merhemetlesin.Sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top