MP3

Salam eziz doganlar,siz ezizler bilen ýene sag-aman düşuşup duranymyzdan begenýaris.Eziz dostlar Resul Pawlus Korintoslylar arasynda azgynçylyk bar bolanynda sessiz-üýnsüz duranlary uçin käýedi.

Hiç kimde buny ga rşylamak uçin batyrgaýlyk bolmanynda ol şeýle diydi,:” ….Men ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siziň bilendirin. Men edil ýanyňyzda bolan ýaly, şeýle iş edeniň üstünden Rebbimiz Isanyň adyndan eýýäm öz hökümimi çykardym.

Siz bile ýygnananyňyzda men hem ruhda siziň bilen bolaryn. Şonda IsaMesihiň güýji arkaly şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler.

Siziň buýsanmagyňyz ýerlikli däldir. Eýsem siz ujypsyzja hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýandygyny bilmeýärsiňizmi? Petirlik hamyr bolup bileriňiz ýaly, köne hamyrmaýany aýryp taşlaň. Aslynda şol petirlik hamyr sizsiňiz!

Çünki biziň Pesah janlymyz — Isa Mesih eýýäm gurban edilendir. Şoňa görä, baýramy köne hamyrmaýa: gahar-gazap we pislik bilen bellemäliň. Tersine, ony petir hamyry: päk ýüreklilik we hakykat bilen belläliň.

Men size azgyn adamlar bilen gatnaşmaň diýip öň ýazypdym. Ýöne men şeýle ýazanymda bu dünýäniň adamlaryny: azgynlary ýa-da betnebisleri, kezzaplary ýa-da butparazlary göz öňüne tutmandym. Beýle bolsa, siz bu dünýäni bireýýäm terk etmeli bolardyňyz.

Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň.

Eýsem biz ýygnaga degişli bolmadyklaryň üstünden höküm çykarmalymy näme? Olaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Biz diňe ýygnaga degişli bolanlaryň üstünden höküm çykarmaly. «Siz öz araňyzdan pislik edýäni aýryp taşlaň».

Jemagady ýetiştirmek kiçi göwünligi talap edýar.Öz-özünden oran hoşal bolmak,özüni möhüm diýip hasaplamak we keçjal tekepbirlik doganlygy bary zatdan göra tizräk weýran edýar.

Gopbamlyk insanlar arasynda diwar göterse,kiçigöwünlik bolsa olar ortasynda köpri döretýar.Kiçi göwünlik aragatnaşyklary tekis edýan we oňy ýaglaýan ýagdir.

Şonuň uçin Mukaddes Kitapda :” Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir». Ezizler dogançylyga munasyp geýim bu kiçi göwünlikdir.Şonuň bilen biziň mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top