MP3

Salam eziz dostlar, siz bilen ýene mowzuklarymyz arkaly düşuşup duranymyzdan oran şat.Maşgalanyzda pärahatçylyk we hätirjemlik bolsun.Eziz dostlar,biz duýgylarymyzy näçe açyk aýtmaga çalyşmaýlyň,diňe biziň tuýs ýürekden edilen ybadatlarymyzda butin ýüregimizi arkaýyn dökmagimiz mumkin.

Eger Hudaý önünde insanyý ejizligimizi ýeňip bilmesek,bu ýagdaýda hiç bolmanda Ondan adamlar uçin ýalbarmaga hereket edaýliň.Eger biz olary na halas edip bilsek,na bu halas bolmagyň zerurdygyna ynantyryp bilsek,bu ýagdaýda hiç bolmanda olaryň aklsyzdygy uçin ýas tutup aglamagymyz we Hudaýdan olara ýardam bermagini sorap ýalbarmagymyz mumkin.

Tä Eremýa ýaly bu adamlara:” Emma siz muňa gulak asmasaňyz,tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn;Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin,

gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.” diymegimiz mumkin Ýeremýa 13:17 ýaty.

Bunuň ýaly ýürekden edilen ýalbaryýşa Hudaýyň ýüregi ünssiz galmaýar.Ol gaýratly çöpana günakärleriň hemaýatçysyna öz wagtynda üstinlik sylag edýar.”Göz ýaşlaryny ekmek” we “şadýanlygy ormak”arasynda bolany ýaly ybadat gahramanlyklary we işiň üstinligi ortasynda ýakyn gatnaşyk bar.

“Näme uçin seniň eken tohumlaryň şeýle tiz gögärýar?”diyip soraptir bir bagban başga bagbandan.”Çunki men olary ýumşadýan,-diyen jogap beriptir.Biz hem nesihatlarymyzy göz ýaşlarymyz bilen ýumşatmagymyz gerek,çunki Hudaý ýaly hiç kim bize şonçaly ýakyn däl we olar näçe tiz miwe berýanyny begenç bileň haýran galyp görýas.

Eziz doganlarym! Sizden ýalbaryp soramagyma ygtyýar beriň:siz hem “ybadatçy”boluň!Şonda eger siziň aýratyn ukuplarynyz bolmasa hem kop gaýrat bilen ybadat etseniz üstinlige ýetişýanyz.

Elbettde ekinlerinize Hudaýyň merhemetini soramasanyz bu ýagdýada Ol özünuň beýik merhemetini bilen öz eradsyna görä ibermegi mumkin,ýone bunuň ýaly ýagdaýda bu merhemete garaşmaga siziň hiç hilli hakynyz ýok we Ol size hiç hilli teselli hem berip bilmeýar.

Ybadat belki insanlaryň düşünjesi boýunça sizi dilewar etmeýar,ýone ol hakykat dilewarlygyny bermagi mumkin,çunki siz kalbdan geplýanyz.Ahrym bu iň ýagşy dilewarlyk dälmi näme?Ol gökdäki alawy siziň gurbanlyk edilen ýerinize duşurýar we siziň gurbanlygynyz Hudaýa ýakymlu ekenini bularyň barysy subut edýar.

Şonuň bilen eziz doganlar bugunki mowzugymyz öz sonüna ýetdi.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top