Salam ezizler.Şägird arttyrmak mowzugyna bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.Isa şagirdleriniň möhüm belgilerinden biri bu Höşhabar aýtmakdir Isa Mesih Öz şägirdlerine aýdan sonky sözleri şeýledi :” Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» (Resuller işleri 1:8).Koplanç biz Höşhabar aýtmakdan bouýn gaçyrýas,emma Höşhabar aýdyp bolanymyzdan soň gelen şatlyk şeýle bir uly bolýar welin,biz:”Näme uçin Höşhabar aýtmagy islamän ekenim”diyip galýas.Höşhabar aýtmakdan bizi togtatýan birinji zat-bu gorky.
Biz Höşhabar aýtsak adamlar bizden ýüz öwürýar diyip gorkýas.”Bu adam gepimni eşitjek däl”-diyip özümizi aklaýas.”Onuň özüne degişli aladalary bar,häzir men oňa Hudaý hakda geplesem,ol menden öýkeläp uruşup berýar”diýas.Emma siz bir gezek birine Hudaý hakda geplaninizde ol adam sizden öýkelanmi?Koplanç adamlar özleriniň ruhyý ýagdaýy we Hudaý hakda geplämagi ýagşy göreýarler.Bir näçe ýyl oň men bir ýyigide Höşhabar aýtmagy öwrediptim.Ol Höşhabar aýtmakdan hemişe özüni alyp gaçýady.
Ýaşlar hyzmatyny başlaýan bu ýyigide men şeýle sorag berdim:” Rüstem,bu kollejdäky näçe talyplary tanaýaň?Sana düşüşan näçe adam adyň Rüstem ekenini bilýar?”Rüstemiň şu kolleja girenine ikki aý bolandy,ýone ol diňe ikki ýada uç talyp bilen tanyşypty.Men oňa :”Rüstem sonky dört heptde dowamynda sen alajy barynçe koprak talyplar bilen tanyşmaga çalyş.Özüne 50 talyp bilen tanyşmagy maksat edip al.Olara Höşhabar aýtmagyň şert däl.Olara masihyý ekeniňi hem aýtmagyň gerek däl.Bar ýogy sen diňe olar bilen tanyşyp al.Olaryň ýaşaýan otaglaryna baryp,olar bilen gepleş.Olar bilen tennis oýna,billelikde sport bilen meşgullan. Olar bilen naharlan.Elinden gelenini et,ýone elli talyp bilen tanyş diydim.
Men bir aýdan soň gaýtyp gelenimde sen täze dostlaryňy maňa adlary bilen tanyşdyrýan.Men bir aýdan soň şu kolledja gaýtyp baranymda Rüstem alty dostuna Höşhabar aýdyp,olary imana başlaptyr.Ol elli talyplar bilen tanyşdymy ýokmy bilmedim,biz bu hakda gepleşmedik.Bu hakda gepleşmek hem şert däldi.Rüstem “salgytçylar günäkärler “arasyndan özüne dost tapanynda Hudaýyň Özi Höşhabar aýtmak uçin oňa gerekli mumkinçilikleri ýaradyp berendi.
Diymek,Höşhabar aýtmak –imansyzlar arasyndan dost arttyrmak bilen başlanýar.Bu dostluk ösüp baryşy saýyn Mukaddes Ruhyň Özi Höşhabar aýtmagynyza mumkinçilik döretip berýar.Siz şägird ösdirýan ekeniniz oňa Höşhabar aýtmagy amalda öwrediň.Oňy imansyz dostlarynyz bilen tanyşdyryň.Höşhabar aýtmagynyzy şägirdiniz hem görsin,ine diňe şonda ol özüne ynanyp özünuň imansyz dostlaryna hem Höşhabar aýdýan bolýar.Rebbim hyzmatynyzy Özi berekelesin.Sag aman boluň.