MP3

Salam Mukaddes Kitapda Hirod ady oraň kop duşuşýar. Çyndan hem taryhda oraň
koplap Hirodlar geçen.Iň birinçisi bu Beýik Hirod ady bilen meşhur bolan
eýýamymyzdan oň 37-44 ýyllarda Palastinda Rim hökümdary bolan şahs. Edil şol
Hyrod Haläsgar Mesih dogüluşyny müneçjimlerden eşidip,onuň menzilini bilip
alyp,öldurmekçi bolan. Çagalary gyryp taşlamagy hem ine şol Hirod buýran.

Ikkinçisi bolsa Hirod Arhelaý.Ol eýamymyzdan oňnky 4 ýyldan 6 ýylaraçrtnli
Ýahudiýa,Samariýa we Iudeýada zalym hökümdar bolan.Bu agaç ussasy Ýusufyň
çaga bilen enesini alyp Ysraýyl memleketine gaýtyp gelen wagtlarynda.ýone
Ýahudiýada Hyrod ornuna ogly Arhelaý tagta oturany eşidip Nasro şaherine
ýerleşen wagtyna dogry gelýar.

Uçinçisi bu Hirod Antippa.Ol eýammymyzdan oň 4 ýyldan 39 ýylaçenli Jelila
we Periýa welaýatlarynyň häkimi bolan.Ol Ýahýa paýgemberi öldirdi.Isa
Mesihy ölime sezewar etmek uçin Pilata tabşyran.Mukaddes Kitap onuň eden
işleri hakynda şeýle diýar: “Hirod Isany görüp gaty begendi, sebäbi köp
wagtdan bäri Ony görmek isleýärdi. Ol baradaky eşiden ençeme zatlaryna
görä, Ondan bir gudratly alamat görerin diýen umydy bardy. Hirod Ondan köp
soraglar sorady, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Ýolbaşçy ruhanylar
bilen Töwrat mugallymlary bolsa ol ýerde durup, Ony biragyzdan
aýyplaýardylar. Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip
masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna
iberdiler. Şol gün Pilat bilen Hirod dost boldy; mundan öň olaryň arasynda
duşmançylyk bardy.”(Luka 23:8-12)
1-ji Hirod Agrippa bolsa Beýik Hirodyň agtygy bolup eýammymyn 37-44
ýylarynda Palesinyň ýarym böleklerinde hökümdarlyk eden.Resullerden
Ýohannanyň inisi Ýakyby öldirdi.Bugun biz edil ine şol Hirod hakynda
gepleşýas.
“Şol wagtlar Hirod patyşa ýygnagyň käbir agzalaryny yzarlap, olara sütem
etmäge başlady. Ol Ýohannanyň dogany Ýakuby gylyç bilen öldürtdi. Ol munuň
ýahudylaryň göwnünden turandygyny görüp, soňra Petrusy-da tussag
etdi.”diydi Mukaddes Kitap Bu waka Petir baýramy günlerinde bolup geçdi.
Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat
bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne
çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.Ýone Hudaý Petrusý täsin ýagdaýda
tussagdan azat etrdi.Hirod bolsa oňy yzarlap tapmandan soň garawullary
soraga tutyp,olary ölim jazasyna mehkum etdi.
Şol günlerde Hudaý Mukaddes Ruh arkaly näçe beýik işler edýan bolsa şeýtan
hem Hirodyň eli bilen Isa şagirdlerini togtatmaga hereket edýady.Ol
imanlylar ýygnagyny kowmaga,olaryň işlerine garşylyk etmaga bil
baglapty.Onuň şöhraty aşyp,halk we ýaşulylar onünde abraý artyp barýanyndan
serhoş bolýady.Petrusy tapalmandan soň Hirod Ýahudiýany terk edip
Kaýsariýa geldi.Halkka wagz edýan güninde Hirod patyşalyk lybasyny geýip
wagz etdi. Halk hem: «Bu ynsan sesi däl-de, bir hudaýyň sesidir!» diýip
gygyryşdy. Bu gygyryklardan ol ýenede buýsanan Hirod şol wagta öljegini
haýalyna hem getirmýady.Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy,
sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi. Bu
Hudaýyň oňa beren jezasydy.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top