5:14

Guýçli bol

MP3

Salam gadrlylar.Aýal oran gowy bilýan ikki duýgu bar,biri ejizlik,ikkinjisi gorky.Meni gorkua salýan her hil zada ters öwürilip gaçasym gelýar.Emma Hudaýa şükur bu ikkisi bize Hudaý tarapdan berilen zat däl.Eger gorky hakda pikrleýan bolsk,bu diňe Mukaddes Kitapda ýazylany ýaly Hudaýdan gorkmak bolmagy gerek. Ýone bu gorky elhenç we gýnaga salýan gorky däl.Bu gorky bizi Hudaýa ýaraýan işler etmage çagyrýar.Çunki Ol biziň berk galamyz we biziň hemaýatymyz.Ol biz uçin goreşýar.Ol hemme zady ýaradan,biz nahilli ýagdaýa düşmeýliň,dine biziň tarapymyzda bolýar.Ol Mukaddes Kitapy arkaly şeýle diydi:” Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»

Hudaý biz ýaly gorkan Ýeşuwa şeýle diyip buýruk beren.Eşuwa özünden hem guýçli bolan duşmanyň garşysynda gorkanynda,Hudaý oňa :”Gorkma Men sen bilendirin”.diýendi.Eger Hudaýyň şu wadasy we ruhlandyrmagy bolmanynda belki Eşuwa duşmanlaryny ýeňip bilman bolordy.Ysraýyl halky Iordan derýasyny geçip otmezinden oň Hudaý Eşuwä mert bolmagyny buýran.Aslynda diňe şol birinji bapyň özünde Hudaý bir näçe gezek Eşuwä mert bolmagy gerekdigini ýatlatan.Biz aýallar hem tä şonuň ýaly onumizde duran gorunmeýan duşmanymyz onünde titreýas,galbymyz gorkudan böleklenýar.Haýatymyz ýoldan çykyp gidýanyndan,perzentlerimiz terbiýesine hiç hilli täsir geçirip bilmeýanymyzdan gorkýas.Haýatymyzda bolýan wakalaryň gurbanyna öwürilip galan ýaly bolýas.

Biz aýallar işlaman diňe ärlerimiz işlänlerinde,käwagt onuň bir özi maşgaladaky hemme mätaçlikleri doldurup bilmeýan ýaly duýlýar.Käwagt perzentler,maşgala we öý aladalary we bary madyý uýpçinlik diňe bir äriniziň boýununa agyrlyk edýar.Maddyý ýetmezçilik sizi ýalmap ýuwutýan aždarha menzeýar.Şonda,”Hudaýym,men oran ejizdirin.Bu ýagdaýda men hem häzir işe çykyp bilmeýan.Emma ärimiň nir özüne hem bu kynçylygy ýeňmek kyn”,diýas.Emma Hudaý,”Öz guýjine däl,meniň guýjime ynan”diýar.Bilseniz käwagt Hudaý biziň elimizden gelmeýan işleri etmege çagyrýar.Onuň komegisiz elbettde bu işi edip bilmeýas.Ol bizden iman bilen gadam taşlamagymyzy,başlamagymyzy we soň Onuň gudraty nahilli işleýşini gormegimiz isleýar.

Hezraty Dawud hem tä şonuň ýaly kynçylyklary başyndan geçiren bolsa gerek.Zebur kitapynda şeýle ýazyp galdyran:” meni heläkçilik gorpundan,batgalyk laýyndan çykaryp aldy; aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup,Ol meniň ädimlerimi berkitdi.”.Hudaý biziň iman bilen ädim taşlamagymyzy isleýar.Biz bolsa gorkýas.Çunki bu ýol biziň nazarymyzda mmumkin däl ýaly duýlýar.Emma diňe başynda şeýle görunýar.Gorkman,iman bilen ädim taşlanynyzda Hudaýyň uýpçin edişini gorýanyz.Gorky sizi gurşap,her tarapdan baglap taşlanynda,Hudaý siz tarapda ekenini ýatdan çykarmaň/Ol siz bilen bille.Muna wada beren.Biz ejiz bolanymyzda Onuň gudratyny görýas. 2-çi Korintoslylara 12 bap 9 aýatda şeýle diýlen:” Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir».

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top