4:00

Ejizliginizde Hudaýyň gudraty

MP3

Biz geçen gezekki gepleşigimizde ejizliklerimiz hakynda
söhbetleşiptik. Bugun şol söhbetimizi ýenede dowam ettirýas.Öz
ejizliklerimiz hakynda öýlanymyzda tapdan düşeýas hasrat çekýas,ahiri
“Hudaý meni işletmeýar” diýen hulasa gelýas.Emma biziň çäklenmegimiz
Hudaýi çäklep bilmeýar.Tersine ol adaty gaplara beýik gudratny guýyp
lezzet alýar.Mukkades Kitapda “Biz hazynalary özünde saklaýan toýun
küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de,
Hudaýdandygy äşgärdir.”diyip ýazylan.Tä hemme toýun gaplar ýaly biz hem
owranyp barýan, portdyrs.Yone ejizligimiz arkaly Hudaýa bizde işlamaga
rugsat bersek Ol bizi işletýar.Ol bizi işlatmak uçin bolsa Pawlusdan nusga
almagymyz gerek.
Ejizliginize ykrar boluň.Kemçiliklerinizi boýun alyň.Hiç hilli
kemçiligim ýok diyip öz özünuzi aldamagy bes ediň. Ejizliklerinizi inkar
edip ýa-da ejizlige bahana gydyryp ýaşamak ornuna nahilli ejizlikleriňiz
bardygy hakynda oýlap,anyklaşdyryp alyň.Elinize kagyz galam alyp
özünuzdaki ejizlikler sanawyny ýazyp çykmagyňyz hem mumkin.Hudaýda sagdyn
haýat geçirmagimiz uçin Täze Ähtda berilen ikki zada ykrar bolmagymyz
gerek.Birinjisi:”Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsyň”-diyip aýtmak bolsa
ikkijisi “Biz hem sizlere menzeş ynsandyrs” demakdir.Eger Hudaý sizi
işlatmagi halasnyz Hudaýyň we özünuziň kimdiginizi bilmeginiz
gerek.Aramyzdaky oran kop imanlylar aýnyksa ýolbaşçylar ikkinji hakykaty
unutyp goýarlar.
Biz bar-ýogy ynsadndyrys.Ejizliklerinize kanagatly boluň.Resullerden Pawlus
şeýle diyip ýazypty: “….. Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen
tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn. …. Çünki men
ejizkäm güýçlüdirin!” “Biz ejizliklerimize kanagat etmakden görä,olardan
halas bolgy halaýas.Emma kanagat etmek.Hudaý bolan ynançymyzy
aňlatýar.Kanagat edenimizde biz Hudaýa şeýle diýen bolordyk:”Hudaýym sen
meni söýanyňa ynanýan we maňa näme gowdygyny sen menden görä gowrak
bilýan.”

Resullerden Pawlus bizdaki dogabitdi ejizliklerimize kanagat etmegiň bir
näçe sebäplerini aýdyp geçen.Birinçisi ejizliklerimiz Hudaýa bagly
bolmagymyza sebäp bolýar.Özündaki ejizlik hakynda Pawlus şeýle diýip
ýazypty: «höwes bilen magtanaryn. Çünki men ejizkäm
güýçlüdirin!” Ol näçe ejiz bolsa şonça Hudaýa bagly boluşyny oran gowy
bilen.Haçan özünizi ejiz düýsanyz biliň Hudaý oňa bagly ekeniňizi
ýatlatýar.Bizdaki kemçilikler bizi buýsanjaňlykdan goraýar.Şol ejizligimiz
, arkaly pespälligi saklap durýas.Pawlus: “Özüme şeýle beýik ylhamlaryň
berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny
bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi» diydi.Ejizliklerimiz
doganlyk aragatnaşyklaryny berk etmek uçin hem sebäp bolýar. Hiç haçan
ejizlikleriniz uçin tapdan düşmeň. Hudaýyň gudraty sizi doldursyn! Omin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top