5:24

Bagyşlamagy soraň we toba ediň

MP3

Salam gadrly doganlar. Bagyşlamagy soramak insan tebigatyna has zat bolsada kopçilik muny etmagi özüne görä masgaraçylyk diyip bilýar.Insan tebigaty Hudaý Ruhyna garşy bolany uçin hem ol eden aýpy we ýalnyşlary uçin bagyşlamagy soramagy islemeýar.Bu zady her birimiz başymyzdan geçirenimize şübhe ýok.Emma bagyşlamagy soramak hakda Mukaddes Kitap näme diýar? Mukaddes Kitapda bagyşlamagy soramak we günälerimize toba etmek hakda oran kop ýazylan.Günaniň netijeleri we başgalara ýetirýan azaplarymyz bizi näme uçin bagyşlamagy soramagymyz möhümdygyna öwredýar.Ýadynyzda bolsa,Ýunus Hudaýa tabunsyzlyk edip,Hudaýyň eradasyndan gaçdy.Soň bolsa şu edenleri uçin uly kityň garnynda tä günäsine toba etmeýinçenli galyp gitdi.Aýup paýgember bolsa özi ýatlamaýan günaleri uçin toba etdi.Ýada Ýusufyň agalary edenlerini ýatlaň.

Olar Ýusufdan ony Müsre satyp iberenleri uçin bagyşlamagyny sorady.Beýle mysallaryň her birinden näme uçin Hudaýyň maksatyna amal etmek möhüm ekenini bilib alýanyz. Beýle mysallardan Hudaýyň bagyşlaýjy ekeni we adamlar Hudaýa eýermagi gerekdigini hem bilip alýanyz.Şonuň uçin bagyşlamagy soramak her günki Masihylik haýatymyz uçin oran mohum hasaplanýar. Namuçin bagyşlamagy soraýas?Bagyşlamagy soramak öz aýpymyzy aňlanymyzy görkezýar.Bu adamlar bilen Hudaý ortasyndaky howany aeassalamak usulydir.Biz bagyşlamagy soranymyzda günalerimiz bagyşlanmagyny isleýas.Bu zat Hudaýa garşy nämedir edenimizi hem aňlatýar.Biz diňe Hudaýa däl,belki adamlarada garşy,olaryň göwnüne azap berýan işler edýas.Adanlardan bagyşlamak soramak-olara garşy bir iş edenimizi anlap ýetenimizi gorkezýar.

Siz bagyşlamagy soranynyzda bagyşlanmagy näçe isleseniz hem,başga adam sizi bagyşlamagy uçin hançadir wagt sabyr bilen garaşmagynyza dogry gelýar.Emma Hudaýa şükur,Hudaýdan bagyşlamagyny sorasak hem soramasak hem bizi bagyşlaýar.Emma bagyşlamagy soramak biziň wezipemiz.1 Ýohanna 4 bap 7-8 aýatlar bize şeýle diydi:” Mähribanlarym, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr. Kim söýýän bolsa, Hudaýyň perzendidir, ol Hudaýy tanaýandyr. Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanaýan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir. “ Sonky aýatlarda bolsa beýle ýazylan,:” Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr. Şeýlelik bilen söýgi bizde kämilleşip, kyýamat güni bize ynam berer. Sebäbi biz bu dünýäde edil Mesih ýaly ýaşaýarys. “

Toba etmek aňsat däl.Nadogry iş edenimizi boýun almagy ýaratmaýas.Emma edil şu zat päklenmegiň esasyý bölegi hasaplanýar.Biz günalerimizi aňlap ýetenimiz badyna toba edýas,emma käwagt muna bir näçe wagt gidýar.Biz bir birimiz we Hudaýyň onünde eden nädogry işlerimiz uçin jogapkardiris.Ýakup kitapynda şeýle ýazylan,:” Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir. “ Matta Höşhabarynda bolsa” Şonuň üçin gurbanlyk sypasynda sadaka bermäge barýarkaň, doganyňyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy hödür et.” Hudaý muny bize ýatlatanynda,elbettde şeýle etmegimiz bize merhemet alyp gelýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top