MP3

Salam eziz moştaklar,siz bilen ýenede sag aman düşüşup duranymyzdan Hudaýa öz minetdarlygymyzy bildirýas.Eziz moştaklar,hatta Eran bagy ýaly kämil we güna ýok bolan ýerde hem Hudaýymyz Reb: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.”Gelip çykyş 2:18.

Biz jemagatda ýaşaýyş uçin,billelikde bolmak uçin ýaradylandiris we maşgala uçin şekilendirilendiris we hiç birimiz ýalnyz özümiz Hudaýyň maksatyny berjaý edip bilmeýas.Mukaddes Kitap hiç haçan başga imanlylardan aýrylan hem bille bolmagy bilmeýan ýalnyz keramatly adamlar ýada ruhyý ýeke ýalnyzlaar hakda hiç zat dimeýar.

Mukaddes Kitap biz billelikde bolmagymyzy,bille baglylygymyzy,billelikde gurlanymyzy,billelikde agza ekenimizi,billelikde mirasdüş ekenimizi,bille laýyk bolmagymyzy we billelikde tutup durylmagymyz we bir-birimizi doldurup durmagymyzy aýdýar.

Siz indi bir özüniz dälsiniz.Siziň Mesihe bolan aragatnaşygynyz şahsyý bolany uçin Hudaý oňy aýratyn bolmagyny halamaýar.Hudaýyň maşgalasynda siz başga imanlylara baglanansynyz we biz ebediý bir-birimize baglanandyris.

Mukaddes Kitapda :” Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri-birimize baglydyrys. “Rimlilere haty 12 bap 5 aýat.

Mesihyň yzynan eýermek diňe ynanmak däl,belki degişli bolmagy hem bildirýar.Biz Onuň Bedeniniň,ýagny jemagatyň agzalarydiris.Agzalyk sözüniň gelip çykyşy Mesihyý taryha bagly,emma dünýa oňy başlanyýş manysynan aýrdy.

Magazinlar “agzalar”a ýeňillik teklip edýar we reklama ediýjiler hat ýazmak uçin agzalaryň adlaryňyn sanawyny berýarler.Jemagatda bolsa,agzalar diyende şeýle bir ady sanawa girizilip,hiç hilli zat talap edilmeýan we garaşylmaýan kişiler nazarda tutylýar.

Pawlus uçin bolsa,jemagadyň “agzasy”bolmak bedeniň bir bölegi bolup,Mesih Bedeniniň aýryp bolmaýan we bir-birine baglanan agzalaridir.Biz agzalygyň mukaddes manysyny düzetmagimiz we onda maşk etmagimiz gerek.

Jemagat bina däl,belki bedendir: gurama däl,bedendir.Beden agzalarynyz öz wezipelerini berjaý etmekleri uçin biri-birine baglanan bolmaklary gerek.Bu Mesihyň Bedeni agzasy bolan biz uçin hem dogry gelýar.Şonuň bilen eziz dostlar bugunki mowzugymyz öz sönüna ýetdi. Ýenede mowzuklarymyz arkaly düşüşýinçenli hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top