2:59

Dawudyň ybadaty

MP3

Salam. Programamyza höş geldiňiz eziz radio diňleýjiler .Ezizler size malim
boluşunça biziň programamyz ybadata bagyşlanan. Anyk edip aýdýan bolsam bize
aýryp berilen wagt dowamynda siz bilen bille Mukaddes Kitapdan käbir
aýatlary okap Ýaradyýjymyza ybadat edaýs. Dostlar geliň häzir Hudaýyň
Sözünden aşakdaky aýatlary size takdym edýan. Zebur Kitapyndan hezreti
Dawudyň Hudaýa ýalbaryşyny okaýas.

Halas et, ýa Reb, sadyk adam galmady, adamzat arasyndan ynamdarlar
ýitirim boldy.
Olar biri-birine ýalan sözleýär; ýaranjaň dilleri ikigepli gürleýär.
Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary, badyhowa gürleýän dilleri kessin.
Olar şeýle diýýär: «Dilimiz arkaly üstün çykarys, agyz özümiziňki – kim
bize hojaýyn çykýan?»
Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu
pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».
Rebbiň sözleri sap sözlerdir, toýun küresinde arassalanyp, ýedi gezek
saplanan kümüş kimindir. Erbetler gezýär ähli ýerlerde, adamzat ýamanlyga
hormat goýanda. Ýa Reb, Sen bize pena bolarsyň, bizi bu adamlardan baky
gorarsyň.

Ezizler şol Dawudyň ýalbaryşy ýamanlyga garşydyr.Geliň biz hem elimizi açyp
Perwerdigara ybadat edýas.Hudaýym bizi ybadata çagyranyň uçin senden
minnetdars.Hudaýym bize beren gutuluş merhemetiň sana oran gymmada
düşenini bilýas.Hudaým Seniň söýgiň hakykydyr.Buny sen bize subut
etdiň.Hezrati Isa Mesihy biz halas bolmagymyz uçin gurban etdiň.Bizi halas
edip şeýtanyň güna zynjyrlaryndan bizi azat etdiň. Eziz Atajan hemişe
haýatymyzyň eýesi bol. Hemişe seniň mukaddes adyň bilen amal edaýliň.Seniň
çäksiz söýgiň hakynda adamlara aýdaýlyň,olor hem Seniň söýgiňi öz
ýüreklerinde duýsynlar.Atajan olor hem Seniň perzentiň bolsun. Rebbimiz Isa
Mesihyň dökülen gany oloryň hem günalerini ýuwup taşlasyn. Hudaýym olor hem
Sana hyzmat edip haýatlaryny Saňa bolan hyzmata bagş etsinler. Oloryň
haýtyny özüň päk et Eziz Atajan.Oloryň ýüreklerinde Mukaddes Ruh öz işini
alyp barsyn.Seniň Mukaddes Adyň bilen ybadat etdik. Omin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top