4:29

Ybadat we iman

MP3

Salam ezizler,ullakan älem bilen deňeşdirilende saýaramyz oran kiçi.”Asman bilen ýeriň Ýaradyýjysy bolan Hudaý uçin bary milletler ýagyş damjasy kimin…”(Zebur 115:15: Işaýa 40:15).Mukaddes Kitapda şolary okamagymyz mumkin:” Reb Oňy çagyrýanlaryň hemmesine,Oňy çyndan çagyrýanlaryň hemmesine ýakyndyr.Ol Özünden gorkýanlary myradyna ýetirýär,olaryň nalyşyny eşidýär we halas edýär.”(Zebur 144:18.19).Bir öýlap görüň Rebbimiz bize ýakyn we Oňy çyndan çagyranlaryň” nalyşyny eşidýar eken.Hudaýa ybadat etmek ullakan hormatdir!Hudaý ybadatlarymyzy eşitmagini islesek Oňa makul gelýan ýagdaýda ybadat etmagimiz gerek.Ýone Mukaddes Kitapda ybadat hakda näme diýlenini bilip almasak buňy nahilli edýas?

Bu soragy gorup çykmak oran möhüm,çunki ybadat arkaly Hudaýa ýakynlaşmagymyz mumkin.Hudaýa ybadat etmek uçin iň möhüm sebäp,buňa bizi Onuň Özi çagyrýar.Mukaddes Kitapda şeýle diyilen:” Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň. Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi IsaMesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir.”(Filipililere 4:6,7) Hakykatdanam älem-jahanyň Hökümdary beren bu ajaýyp sylagyň gadryna etmagi isleýas! Mdama ybadat etmegimizi gerekdiginiň ýene bir sebäbi ol arkaly Hudaý bilen dostluk aragatnaşygymyz berkleşýar.

Hudaý bilen bolan dostlyk aragatnaşygy hem şoňa menzetmek mumkin.Mukaddes Kitapda Onuň şahsyeti we niýetleri dogrusynda näme diyilýanyny bilip almagymyz mumkin. Bundanam başga Ol bar bolan Şahs ekeni hem size mälim bolýar.Ybadat arkaly bolsa Gökdäki Atamyza pikrlerimiz duýgularymyzy aýdyp bilýas.Şeýdip Hudaýa ýenede ýakynlaşýas (Ýakup 4:8).Hudaý bary ybadatlary diňlaýarmy? Işaýa paýgember döwründe Ol boyun egmeýan ysraýylylara garatyp aýdan sözlerine uns ediň:” Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda,size üns bermerin,näçe dileg etseňiz-de,sizi diňlemerin;elleriňiz gana boýalypdyr.”(Işaýa 1:15).Görünişi ýaly käbir işler sebäbli Hudaý ybadatlarymyzy diňlemesligi mumkin.Hudaý ybadatlarymyzy diňlamagi uçin bizden aýrym zatlary talap edýar.Möhüm talaplardan biri- i m a n.(Mark 11:24 okaň).

Resullerden Pawlus ýazyşy ýaly:” Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr. “(Ewreýlere 11:6).Hakykyý iman Hudaý bardygyny we Ol ybadatlarymyzy diňlab,olara jogap berişini bilmekden görä koprak zady öz içine alýar.Bunuň ýaly iman işler bilen tassyklanýar. Gündaki haýatymyz imanymyz bardygyny subut etmagi gerek(Ýakup 2:26).Ezizler egerde sizde ybadat mätäjlikleri bolsa biziň elektron saýtymyzda habar galdyryň.Adlarynyz efire uzatylmaýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun. Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top