4:21

Başgalara bolan aragatnaşygymyz

MP3

Eziz doganlar bugun başgalara bolan aragatnaşygymyzda esasýy rol oýnaýan
mowzuk hakynda ýagny başgalary söýmek mowzugy barada gepleşýas.Söýgi we
muhabbet sözüni hemme özünçe duşunýar.Her kim öz dünýagaraýyşyndan gelip
çykan ýagdaýda bu sözlere düşündiriş berýar.Ýone bu sözler siz oýlaýşyňyz
ýaly adyý we dunýawýy sözler däl.Bu sözuň esasynda oraň ulakan gudrat we
hereket ýatyr. Her birimiz iň äwwal söýgi sözünuň manysyny gowy aňlamagymyz
we şoňa görä iş gormegimiz gerek.Bu sözuň manysyny Hudaýymyz
häsiýetlerinden tapmagymyz mumkin.Çunki Ol söýýändir.Rebbimiz Isa Mesih hem
bize doganlarymyzy söýmagi buýran.Geliň şol hakda Mukaddes Kitapdan ökýas:
“Rebbimiz Isa şeýle diydi: « Size taze buýruk berýryn:bir birinizi söýuň
.Eger aranyzda muhabbet häkimlik etse siz Meniň şagirdlerim ekeninizi
hemme şondan biler”. Bu Rebbimiziň bize beren buýrugy.Hudaýyň perzenti
bolan her bir kişi buňa amal etmegi gerek.Şol sözlerden soň biraz wagt
geçip Mesih:”Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder.”diýdi.
Hakykatdan hem eger biz Oňy söýsek Onuň emirlerine amal etmagimiz
gerek.Onuň buýruklaryny emirlerini zerur bolondygy uçin dal –de týüs
ýürekden berjaý etmagimiz gerek.Eger biz Oňy söýsek bu işleri şatlyk bilen,
höwes bilen berjaý edýas.Ol eger aranyzda söýgi muhabbet häkimlik etse siz
Meniň şagirdlerimdiginizi hemme şondan bilip alýar diyipti,eger biz imanly
doganlar öz aramyzda Hudaýyň söýgisinde birleşsek hyzmatlarymyz hem amatly
bolýar.Biziň aramyzdaky aragatnaşyk bolsa hemmani haýran galdyrjagyna şübhe
ýok.Rebbimiz bu buýrygy şol wagtda öz şagirdlerine we şo bilen bille bize
hem aýdan.Isanyň şagirdleri Ol Asmana alynandan soň oraň netijeli hyzmat
etdiler.Şol wagtdan başlap hemmesi Hudaýyň söýgisinde birleşip başgalara
hem Rebbimiziň höşhabaryny ýaýratmaga girdiler.Resullerden Pawlus
Kolosiýalylara ýazan hatynda şeýle diyip ýazýar:” Siz bu Hoş Habary söýgüli
işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz. Ol siziň ugruňyzda Mesihiň sadyk
hyzmatkäridir. Siziň Mukaddes Ruhdan alýan söýgiňiz barada hem bize ol
gürrüň berdi.”(Kolosiýalylara 1:7-8).
Hakykatdan Isany söýan imanlylar Onuň emirlerini berjaý etmagi hiç hem yza
taşlamaýar.Söýmek sözi Mukaddes Kitapda iň kop ulanylýan sözlerden
biridir.1Ýhanna 4:10-12 aýatlarda resullerden Ýohanna bize şeýle diydi:
“Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek
üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.
Mähribanlarym, Hudaý bizi şeýle söýendigi üçin, biz hem biri-birimizi
söýmelidiris. Hiç kim hiç haçan Hudaýy gören däldir. Emma biz biri-birimizi
söýýän bolsak, onda Hudaý biziň bilen ýaşaýandyr, Onuň söýgüsi kalbymyza
ornaşandyr”. Birinjiden bir-birimizi söýmek buýrulan bolsa,ikkinjiden eger
Onuň emrini berjaý etsek Hudaýyň söýgisi içimizde ornaşýan eken.Iň
esasyýsy Hudaý biz bilen bille bolýar. Ezizler bu mowzugy indiki
gepleşiklerimizde dowam ettirýas.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top