5:31

Aýupyň aýaly

MP3

Salam gadrly we söýgili aýallar,Mukaddes Kitapdaky iman gahrymanlary hekaýalaryny okýan ekenim hemişe haýalymdan bir sorag geçýar:”Olaryň aýallary nahilli bolan eken?” Bu aýal hakda oýlaýan bolsak,ol ärine öz-özüni öldürmage ündän aýal höküminde görýas.Ol çyndan hem şeýle edenmi?Eger şeýle eden bolsa,muňa näme sebäb bolan?Bugun edil bu aýalyň nahilli insan bolanyny we ýokardaky işe name sebäb bolany hakda gepleşýas. Iň gyzygy Aýup paýgemberiň üç gyzy bolany we onuň gyzlarynyň adlary hem berilýar,ýone aýalynyň ady berilmedik.Diňe soň Aýupyň bedenine bitmeýan ýaralar çykyp, köpelip gidip gýnanynda aýaly hakda ýazylýar.”Eýýubyň aýaly oňa: «Entegem päkligiňi mäkäm saklap ýörmüsiň?

Hudaýy näletle-de, öl» diýip ýazylany getirilen.Eýup bolsa oňa : «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Eger terjimelere seredýan bolsak,Eýubyň aýaly ärini öz janyna kast etmage çagyran.Şu bilen ol ärini hem,özüni hem azaplardan gutkarmagy islän. Bu wakany öwrenýanlar,”Bu aýal şeýtana ýol berip,äriniň göwnüni götermagiň örnüna ol bilen bille azap çeken we ony janyna kast etmage çagyran”diýärler.Aýubyň azaplanan wagtynda onuň aýaly onuň göwnüni götermägiň ornüna onuň azapyny köpeltýan zatlary aýdýar.Şu ýerde Aýupyň aýaly Hudaý oňy nahilli wezipe bejermegi uçin ýaradanyny ýatdan çykaryp goýar.Ahrym, Hudaý biz aýallary ärlärimize arkadaýnç bolmagymyz uçin ýaradan.

Oňa diňe bir maşgalada ,maşgalany dolandyrmakda däl,belki ruhyý manyda hem arkadaýnç bolmagymyz gerek dälmi name?Eýubyň hekaýasyna seretsek ol hemişe ruhan guýçli,maşgalasynyň iň päk agzasy we ruhanyýsy bolan.Ýone ol azap çekýanynda ärine ruhyý we fizik taýdan bermek ornüna oňy günä etmege çagyran.Bunuň ýaly wagtda azaplanýan adama Hudaýyň pikrini aýtmän,şeýtanyň islegini aýdýany uçin onuň azapyny bir näçe esse artdyrýar.Şu wagtda Eýubyň aýaly ärini ýeňilmäge çgyrýardy.Bu bolsa Hudaýyň däl,şeýtanyň islegidi.Kop ýyllardan bäri Hudaýa ýakyn bolan,päk adam bilen ýaşaýan aýal hem ondan täsirlenmezligiň we öwrenmezligiň alajy ýok.Elbettde ol hem äri ýaly diri Hudaýa ynanyanyk,ýone onuň ärine aýdan geplerinden imany nahili pes ekenini we aňsat şeýtanyň islegine boýun egenini görmegimiz mumkin.

Bu aýal bolýan işler Hudaýyň islegi bilen bolýanyny görmedi.Onuň ruhyý gözleri kördi.Ähtimal ol mal-dünýasyndan,jandan eziz perzentlerinden aýyrylany uçin äri we özi ynanan Hudaýdan gaharlanandyr.Ondan ýüz öwürendir. Eýup kitapynda Eýüp Hudaýa nalaýar,”Aýalyma demim erbet bolup galan.Garyndaşlarym menden ýigrenýarler.” Ol ärini goldamakdan we göwnüni götermegkden boýun gaçyran bolsada,Hudaý bu aýaly merhemetledi.Çunki onün bagtyna äri özi garaşanyndan hem imanda guýçli ,päk we Hudaýyň ýagşylygyna şübhe etmeýan insan bolüp çykdy.Ol nahilli aýal bolmasyn barybir ol bagtly aýallardan biri,çunki onuň ýan ýoldaşy Eýup Hudaýa ýakyn,imanda güýçli we Hudaýyň nazaryna düşen insandy.Şu sebäbli,Hudaý olara ýene perzentler we mal-dünýä berdi.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top