3:26

Aladalylyk

MP3

Salam eziz doganlar.Höşhabar özi näme?-diyen soraga jogap izarlap görsek:”Hoşhabaryň manysy-Hudaý Özi günakärleri aklaýar.

Bu aklamak bolsa diňe iman arkaly bolýar-diyip ýazylan Rimlilere kitapynyň 1 bap 17 aýatnyda. “Howa,Hudaý Mesih bedeninde bolup dünýani Özi bilen ýaraşdyrdy,adamlaryň günasini hasaba almady.”

Höşhabar bu biz Isa arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas bolmagymyz,günamiz bagyşlanylmagy,ýaşamakdan maksat eýe bolmagymyz we geljekde jennetde wada edilen öýimize eýe bolmagymyz.

Höşhabary paýloaşmak uçin bir näçe beýik kitaplar bar.Emma Hoşhabar aýtmagymyz uçin esaslara eýe bolmasak we oňy özleşdirip almasak her hilli taýyarlyk hem sizi Hoşhabary ýaýratmaga eltip bilmeýar.

Iň möhümy siz ažajan adamlary tä Hudaý söýişi ýaly soýmeginizdir.Hudaý Özi söýmenýan bir kişini hem ýaratmadyk.Her bir kişi Ol uçin möhümdir.Isa haçda elleri ýazylan ýagdaýda duran wagtda hem,”Men sizi şeýle bir söýan!”diýadi.

Mukaddes Kitapda şeýle ýazylan,:” Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär. “2 korinoslylara 5:14.

Eger sizde dünýadaky tabşyrygynyz uçin gyzykmak bolmasa,Isa siz uçin haçda näme edeni hakda oýlap görmek uçin wagt aýryň.Biz imansyzlar uçin aladalyk etmagimiz gerek,çunki Hudaý şonuň ýaly edýar.Söýgi hiç hilli saýlaw galdyrmaýar.

Mukaddes Kitapda :” Söýgüde gorky ýokdur. Tersine, kämil söýgi gorkyny kowup çykarýandyr. Kim kyýamat gününden gorkup ýaşaýan bolsa, onuň söýgüsi kämil däldir. “ diyip ýazylan. Ene-ata ýanaýan binä çagasyny halas etmek uçin girip barýar,çunki olaryň çagasyna bolan söýgisi gorkydan guýçlidir.

Eger siz töwereginizdaki kişilere Hoşhabary paýlaşmaga gorkýan bolsanyz,Hudaýdan olary söýmek uçin kalbynyzy doldyrmagyny soraň. Mukaddes Kitapda:” Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez.

Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär. “diyip ýazylan 2 Petrus 3 bap 9 aýatynda.Eger siz Mesihy tanamaýan bir kişini görseniz,siz ol uçin ybadat etmaginiz,oňa hyzmat etmaginiz we Höşhabar bilen paýlaşmagynyz gerek.

Eger siziň jemagatynyzda Hudaýyň maşgalasyna degişli bolan bir kişi bolsa jemagatynyz oňa ýetmegi ýene dowam etmagi gerek.Şonuň bilen eziz doganlar mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top