4:20

Aladalarymyz we ybadat

MP3

Salam ezizler.Ybadat mowzugyna bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.Hudaýa aladalarymyzy taşlamagyň – deslapky ýoly-Oňa týus ýürekden ybadat etmekdir.Alada,gorky,hysyrdylar oýarýan weziýetler bilen düşüşanynyzda ýüreginizdeakileri Gökdaki Atanyza döküp saçyň.Dawud Hudaýa şeýle ýalbaran:” Eý, Hudaý, gulak goý meniň dogama,ret etme ýalbaryşymy.”Soň şol mezmuriň özünde ol :” Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle,Ol seni söýgetlär.Ol dogry ynsanyň yranmagyna

hiç haçan ygtyýar etmez.”(Zebur 54:2,23).Meselni çözmek uçin elinizden gelenini edip gordüniz,emma hiç hilli netije bolmanynda, gaýgy- alada edenden görä Hudaýa tuýs ýürekden ybadat etmek koprak ýardam berýar.

Içiniz gaýgy-alada doly bolup azap çekende size ybadat nahilli ýardam bermagi mumkin?Hudaý tuýs ýürekden we erjellik bilen edilen dileglerimizi kabul edýar.Gyzyk nahilli?Ol aňymyz,ýüregimizi gaýgyly duýgulardan halas etmaga ýardam berýan içki hätirjemligi bermek arkaly buny amala aşyrýar.Kopler buňa şahsyý özleri şaýat bolonlar.Oňünden gorkyp gaýgy-alada düşen wagtlary Hudaý olara öý-pikrlerinden üstin bolan çuňňur asudaly we rahatlyga eýe bolmaga ýardamlaşýar.Özüniz hem buňa göz ýetirensiňiz.Şeýle eken “Hudaýyň asudalygy”siz duş gelmaginiz mumkin bolan her hilli kynçylyk üstinden ýeniş edip bilýar.Howsala düşen her bir imanly Işaýa paýgember kitapynyň 41 bapyny okap çyksa,Hudaýyň teselli berişine göz ýetirjegi şübhesiz.Geliň şol ajaýyp kitapdaky aýatlary bille okap çykýas.

«Eý, adalar, Meniň huzurymda dymyň,halklar täzeden güýç toplasynlar,olar ýakyna gelip, geplesinler;höküm üçin bile toplanalyň. …Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl,

Öz saýlanym Ýakup,dostum Ybraýymyň nesilleri,ýeriň aňry ujundan topladym,

uzak ýerlerden çagyryp: „Siz Meniň bendämsiňiz,Men sizi saýladym, terk etmedim“ diýdim.Gorkmaň, siziň bilendirin Men,heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men,

size güýç bererin, ýardam ederin,sadyk sag golum bilen söýget bererin.Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler.Hiç zat dek ýogalyp giderler

size garşy çykýanlar.Duşmanlaryňyzy tapyp bilmersiňiz agtararsyňyz-da,hiç zatça bolman ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.Hudaýyňyz Men — Reb sag eliňizden tutaryn,

size: „Gorkmaň, ýardam ederin“diýýän Mendirin.

Eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň!Size kömek ederin.Muny Men — Reb,Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr. Ine, Men sizi ýiti, täze, dişli döwek guraly etdim;

siz daglary döwersiňiz, owradarsyňyz,baýyrlary saman çöpi kimin edersiňiz.Siz olary sowrarsyňyz,şemal olary uçuryp äkider,harasat olary pytradar.Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz,Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.”.Şeýle eken,hiç zatdan gorkmaň.Ybadat edip,gaýgy-aladanyzy Hudaýyň söýikli ellerine tapşyryň.Ezizler egerde sizde ybadat mätäjligi bolsa biziň internetdaky saýtymyzda habar galdyryň.Biz siz uçin ybadat edýas.Adlarynyz efire berilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top