4:18

Bikär ýöremeslik uçin ybadat

MP3

Salam eziz radio dinleýjiler. Ybadata bagyşlanan programmamyza höş
geldiňiz. Ezizler size mälim boluşý ýaly programmalarymyzda biz Mukaddes
Kitapdan käbir aýatlary dile alyp ybadat uçin ellerimizi ybadata
açýas.Ezizlerim,bundan başga ybadat mätajlikleriniz bolsa elbetde bize bu
hakda mälim ediň,biz siz uçin efir arkaly ybadat edýas.Hatlarynyzy biziň
elektron menzilimize ýollaň. Siz hakynyzdaky şahsy maglumat adyňyz ýa-da
menziliňiz anonimlygynça galýar.Bu barada hiç alada etman.Geliň indi
Mukaddes Kitapa seretsek.Bugun men size resullerimizden eziz Pawlysyň
Saloniklilere ýazan ikkinji hatynyň 3-ji bapyna salgy berýan;” Doganlar,
bizden alan taglymatyňyza uýmaýan, boş gezýän her bir dogandan daş
durmagyňyzy Reb Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys.
Çünki bizi nähili görelde edinmelidigiňizi özüňiz bilýänsiňiz. Sebäbi biz
siziň araňyzda boş gezmedik.
Hiç kimiň çöregini hem mugt iýmän, siziň hiç biriňize agram salmajak
bolup, zähmet çekip gije-gündiz azap bilen işledik.
Biz muny sizden ýardam almaga hakymyzyň bolmanlygy üçin däl, eýsem, bizden
görelde alar ýaly, size nusga bolmak üçin etdik.
Biz ýanyňyzdakak hem size: «Kim işlemek islemeýän bolsa, onda ol damak-da
iýmesin» diýen buýrugy berdik.
Çünki siziň araňyzda käbir adamlaryň boş gezýänini, hiç bir iş etmän,
beýlekileriň işine gatyşýanyny eşidýäris.
Beýle adamlara gep-gürrüňsiz işläp, öz çöreklerini gazanmagy Reb Isa
Mesihiň adyndan buýrup, nesihat berýäris. Emma siz doganlar, ýagşylyk
etmekde ýadamaň.
Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony belgä alyň. Onuň bilen
gatnaşyk etmän, utandyryň.
Ony duşman hökmünde görmän, ýöne bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň.
Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk
bersin! Reb baryňyz bilen bolsun! “ Ezizler şol aýatlarda Pawlus bize böş
gezmeslik hakynda gepleýar.Çyndan hem bize berilen wagtny biderek
geçirmesligimiz gerek.Ýaltalyk biziň düşmanymyzdyr.Biz imanly doganlar
halal haýat geçirmagimiz uçin hiç hilli bikärçilige ýol goýmaslygymyz
gerek.Halal çörek tapmak uçin elbettde biz der dökümagimiz gerek.Nahilli
kynçylyklara duçar bolsakda barysyna çydap, diňe päk haýat geçirip galmany
päk ýaşamaklygyň aladasynda bolmagymyz gerek.Biz imanlylara buny amala
aşyrmak uçin mumkinçilikler kop.Çunki biz ynanýan Hudaý çyndan hem diri
HudAÝDYR.Ol bizi halas eden Söýikli Hudaýdyr.Biz bary umytymyzy edil Hudaýa
bagş etmegimiz gerek.Ezizler,geliň,bikärçy haýat geçirmeslik uçin ybadat
edaýliň.Asmadaky Atajan,bize haýat bereniň uçin minnetdars.Hudaýym bu kyýn
ýaşaýyşda bize bikär bolmaslygymyza özüň ýardam ber.Haýatymyzyň hiç bir
pursaty bikär bolman tersine hemme wagtymyz Seňi şöhratlandyrmaga bagş
edilsin.Her bir böş wagtymyz seniň pätyşalygyňy giňeltmaga gitsin
Hudaým.Hudaýym bu zalym dünýada halal pul tapmagymyz uçin özüň ýardam ber!
Haram pula el urmakdan özüň saklaa.Hudaýym nirede bolmaýlyň,näme iş
etmaýliň diňe Seni şohratlandyrmak uçin der dökaýliň. Hudaýym ýurdymyzdaky
butin söýikli perzentleriňi bikärçylykdan özüň saklap,olary päk iş bilen
özüň uypçin et. Seniň Mukaddes Adyň bilen ybadat etdim.Omin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top