5:26

Ýürek möhüm

MP3

Salam gadrly doganlar.Ýürek haýatymyz dowam edişini uýpçin edýan iň esasyý agzadir.Emma diňe tebigyý tarapdan däl,ruhyý tarapdan hem ýürek,galb dirilik çeşmesidir.Suleýman pähmleri kitapynda :” Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora,çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.”diylen.Bu sözi hatta ene-atamyz hem aýtmadyk.Olar”Diliňi ýaman sözlerden sakla”,”ýagşy edepli bala bol””özüňi gora”,diýmekleri mumkin.Emma Hudaý “ ýüregiňi gora çunki ol ol ýaşýaýşyň gözbaşydir diýar”. Töweregimizden biz tarapa hüjum oran kop bolýar.Iň başda şikeslenýan hem ýüregimizdir.Ýürekde nämeni saklasak ,ol şoňa dolýar we ýüzimizden hem şol gorunýar.Biziň ýüregimiz haýatymyzyň çeşmesidir.Hudaýa ýakynlaşan adamlaryň ýüzi özgerýar.Daşlaşanda hem özgerýar.Hudaý hakda şeýle hakykat bar.Hudaý ýürekleri bilýan we synaglaýan Hudaýdir.

Başgalar biziň ýüregimizde näme bardygyny bilmeýar.Hudaýa edýan işlerimiz däl,ýüregimiz möhüm.Adamlar daşky görünişe seredip höküm edýärler,emma Hudaý olaryň ýüregine seredýar.Iň kem gurbanlyk eden aýal hakdaky waka ýadyňyzdamy?Aýalyň azajyk pul taşlanyny gören adamlar ony höküm etmegi başlady.Emma Isa Mesih onuň ýüregini görüp,:”Ol iň kop berdi”diyendi.Isa Mesih onuň ýüregini görüp durandy.Bugun hem jemagatda kop adamlar daşky tarapdan özlerini Hudaýa ýakyn görkezýan bolup galan.Isa Mesih beýle farziýlary “aklanan guburlar”diyip atlandyrandy.Gýnansakda bugun jemagatlarda “aklanan guburlar”oran kop.Mukaddes Kitapda:” Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr”. Emma şeýle adamlar hem babr welin,olar jemagada ýüregindaki agry we ýaralar bilen gelýärler.Käbirler ýüregi gatap galan daş bolup gelýärler.

Elbettde bu ýüregiň özgerişine daşdan gelýan hüjümler sebäb bolýar.Ýone Hudaý ahyretdä ýüreginiň gaty bolmagyna kim sebäbçi boldy diyip soramaýar,”Name uçin ýüregiňi saklamadyň?”diyip soraýar.Diýmek ýüregimizi saklamak biziň işimiz.Süleýman pähmleri kitapynda,Hudaý ýigrenýan hasiýetler ýazylan bir aýat bar.Onda şeýle diyilen:” ýaman niýetleri meýildeşdirýan ýürekden ýigrenýar”.Ýaman işleri meýileşdirýan ýürekler Hudaýa gaty ýakymsyzdir.Käbir adamlar ýüreklerinde ýaman işleri meýileşdirip ýörýarlar.Beýle adamlar daşýürek bolýar.Aslynda adam daşýürek bolup dogulmaýar.Muňa onuň haýatyndaky hüjümler sebäb bolýar.Soň bolsa daşýürek bolup galanyna başgalary aýplaýar.Emma ýüregimizi saklamak bize berilen jogapkärlik.

Däşýürek adamlar başgalardan nämeleridir garaşýar.”Ol şeýle etmagi gerek”,”Men bilen mylaýymlylyk bilen gepleşmagi gerek.” Eger adamlar oňa şeýle jogap bermese,bu adam höküm edip başlaýar.Aslynda höküm etmek Hudaýyň işi.Ýone biz höküm edenimizde,Hudaýy çete çykaryp Onuň işini öz elimize alýas.Bu hem şeýtanyň gapanlaryndan biri.Käbir imanlylar şeýle gapanlara aňsat ilinýarler we ýüregindäki agrylar,gopbamlyk,höküm etmek ýaly gapanlar içinde ýaşaýwerýar.Aslynda bu zatlar bize dogry gelmeýar.Biz Mesihe garap özgermegimiz gerek.Şeýtan Mesihyň hasiýetlerine dogry gelmeýan günäleri berende biz olary özümize kabul etmezligimiz gerek.Eger olary gujak açyp garşy alsak,elbettde duzaga düşýas.Gysgasy,ýüregimize nahilli zatlary kabul edip almagymyz biziň daşky gorünişimizde we işlerimizde gorunýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top