4:48

Ata-babalarymyzyň ruhyna sejde etmek bolýarmy

MP3

Salam gadrrly doganlar.Siz ata-babalarynyz ruhyna sejde etmek nahilli boluşyny ýagşy bilýanyz.Ýone size bir sorag bilen ýüzlenýas.Ata-babalarynyz ruhyna sejde etmek mumkinmi?Emma bu soraga jogap bermekden oň biz ata-eneni hormat etmek we ölenden soň hatyralamak ýaly mowzuklar boýunça ikki agyz gepleşsek dogry bolýar.Ata-eneni sylaglamak,hormatlamak,olar barada alada etmek her bir perzent uçin hem karz hem farz.Ýone muň gyýnansak hem bu kada amal etman,mal-dünýasy ýeterli bolsada ene-atasyny garran wagtynda eklemeýan we hatta garrylar öýine tabşyrýan adamlar hem bar.Bir gezek,garrylar oýinde bir ýaşully bilen söhbetleşip galdym.Ol kişi Beýik Watan söweşi weterany eken.”Hudaýa şükür ,hökümetimiz görkezýan aladasy uçin minnetdaryn,-diydi ol.Bu ýerde hemme şertler bar,hemme zat gowy.Ýone hany indi perzentlerim tiz-tiz gelip dursalar,agtyklarymy görkezselerdi….

Bu ýagdaý näçe gynanarly bolmasyn,men häzir hiç kimi aýplaýanym ýada höküm edýanym ýok. Diýjegim bunuň ýaly iş eden adamlar Hudaýyň kanunlaryny okämänlar,olardan bihabarlar.Ene-ata alada etmek diňe pelsepewiý düşünjelere ýada medeniý kadalara esaslanan däl,belki ruhyý esasa,Allahyň isleg-eradasyna esaslanandir.” Onsoň Hudaý ähli şu sözleri diýdi: “…Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.”(Müsürden çykyş20:1,12) Şu emr,Allah tarapyndan Sinaý dagynda Mus paýgembere berilen 10 emriň biridir.On emr bolsa,Allah beren hemme emrler içinde iň möhümy.Diýmek Hudaýyň Özi bize ene-atany hormat et,diyip talap edýar.Şoll döwürde kim bu oň emriň hätta birini bozsada,ölüm jezasyna höküm edilen!Diymek Allah bize:” Ata-eneňe hormat goý..”diyip gaty talap edýar.

Egerde kimdir Hudaýyň Sözüne gulak asmasa,ene-atasyny hormat etmese,iň agyr jezä sezawar edilýar.Eger ene-atamyza garşy narzalyk sözlerini aýdýan bolsak,haýatymyza gaýgy-hasrat geljegi anyk,ýagny ýagşy haýat geçireýin diyen adam,ene-atasyny gadrlamagy,olara alada etmegi gerek.Arwahlara sejde etmek başga,ölenleri ýatlamak başga,biz mesihiýler bu ikki zady bir-birinden tapawutlandyrmagymyz gerek.Tersine,eger ýakynlarymyz ölse,olary hormatlamak gerekdigi aýdylan.Meselen:” Nagomy iki gelnine-de: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa we merhum gaýynataňyza hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin.”diyen Rut 1:8aýatynda. “Goý,Reb öz wepalygyny görkezsin!.-Dirilerede,merhumlarada wepaly bolup merhemetini aýamandir” diydi Nagomy.

Ine şu aýatlardaky “ merhumlara goýan hormatynyz” hemde”merhumlara wepalylyk görkezeniniz” ýaly sözlere uns edýan bolsak ölen ýakynlarymyzy ýatlamak,olary hormat etmek ýagşy amal ekenini görýas.”

“Eý, çagalar, Rebbiň hatyrasy üçin ene-ataňyzyň sözüne gulak asyň, sebäbi bu dogrudyr. «Ene-ataňa hormat goý, şonda ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ömrüň uzak bolar» — bu Hudaýyň wada bilen beren ilkinji buýrugydyr. “Efeslilere 6:1-3/Ölen adam ýada alynanda,olaryň ýagşy işlerini,ýahşy häsiýetlerini aýtmak gerek.Şonda eşidýan adamlara,perzentlerimize mysal bolýar.Ähtimal şonuň uçin hem ata-babalarymyz ölenler yzynan ýaman gepler aýtmak bolmaýar diyendirler.Näme bolondada ölen ýakynlarymyzyň ýagşy häsiýetlerini ýatlap durmak biz diriler uçin peýdasyz däl.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top