Salam hormatly doganlar.Ýene siz bilen düşüşup duranymyzdan oran minnetdaris.Hormatly doganlar,insanyň organizminde ýüregiň oruny oran mohumdyr.Eger wraçlar insan bedenindaki aýrym organlary alyp taşlasada mälim wagtaçenli insan ýaşap bilýar.
Her bir wraç bilen gepleşseniz, esasan insan öz ýüregini ätiýaçlamagyny aýdýar.Ýone ýüreksiz ýaşamak mumkin dal.Şonuň uçin hem ýürek insana iň gerekli organ hasaplanýar.Ýenede insanyň dilini ýürek dolandyrýanyny aňlamagymyz gerek..
Dil diňe bir insanyň ýüregindäki ýagşy we ýaman zatlary gep bilen aňlatýar.Biz gepleýan gepler onçe ýüregimizde we aňymyzda peýda bolýar we dil arkaly daşa çykýar.Şonuň uçin hem dil meselesi ýürek meselesi bilen berk baglydyr.
Aslynda ýüregiň ölçegi her bir insanyň öz ýumrugy ýaly bolýar.Ýone şonuň ýaly kiçiligine seretman,oran kop ýagşy we ýaman pikrleri özüne sygdyryp bilýar.Rebbimiz Isa Mesih Luka Hoşhabary kitapynyň 6 bap 45 aýatynda şeýle diyip aýdýar:
“Oňat adam ýüreginiň oňat hazynasyndan oňat zat çykarýandyr.Erbet adam-da ýüreginiň erbet hazynasyndan erbet zat çykarýandyr.Çünki onuň agzy ýüreginden jöşanyny sözleýandir.”Rebbimiz şol gepleri gepleşiýnden kop ýyllar oň Süleýman pätyşa hem tä şoňa menzeş gepleri geplandi.
“Bar guýjiň bilen ýüregiňi göra,çunki ýaşaýşyn gözbaşy ýürekden gaýdýar.”Süleýman pähimleri 4:23 aýat.Eger her bir insanyň aňy we ýüregi resullerden Pawlus aýdan zatlara doly bolandady,menimçe hiç hilli meselelere orun bolmasdy.
Çunki dünýada bary insanlar diňe ýagşylyk etmek we bir-birine ýardamlaşmak derdi bilen ýaşardylar.Biziň başgalar bilen bolýan aragatnaşygymyzda dilimiz we ýüregimiziň orny oraň ullakandyr.Eziz doganlar,belki ýakyn arada kimdir birini oýkeletendirsiniz.
Bir başdan ýatlamaga çalyşyň.Esasan biri bilen baryp gep talaşmakdan oň insan biraz önçe taýynlanýar.Diymek bu diýeni öz ýüregindaki bar bolan gepleri atmaga taýynlaýar diyenidir.Meseleni çözmek wagty bolsa onunden onunden taýynlanan gepler dil arkaly doganyna garatyp atylýar.
Bu gepler doganyna gaty degmegi hem mumkin.Şonuň uçin hem ýüregimizden çykýan ýaman sözleri okä menzetmagimiz mumkin.Hormatly doganlar,Hudaýdan ýüregimizi doly arassalamagyny we oňda ýaşyryn ýatan ýigrenç duýgusy,bahyllyk, gahar-gazap ornüny,söýgä çalyştyrmagyny soraýlyň.
Eziz doganlar,şonuň bilen bugunki mowzugymyz öz sonüna ýetdi.Höş sag aman boluň.