4:31

Ysraýyl halky

MP3

Salam hormatly radio dinleýji dostlar. Maşgalanyza parahatçylyk we bereket
dileg edip gepleşigimizi başlaýas.Ysraýyl halky bir näçe wagt çölde bolan
wagtlarynda olor diri galmaklary uçin doly Hudaýdan umut etmekleri
gerekdi.Hudaý olary şonuň ýaly ýere alyp geldi,indi olar Hudaý tarapyndan
sowgat edilen ýedilen ýeri dolandyryşlary gerekdi.Olorda indi täze
mumkinçilikler peýda bolondy,şol bilen bille käbir howp-hatarlar hem.Hudaý
bu howp-hatardan elbettde habardardy.

Hudaý Ysraýyl halkynyň haýaty Hudaýyň elinde ekendigi hakynda olary
duýdurandy.Tä şonuň ýaly Rebbimiz Isa Mesih hem täze ahtda bizi hem
duýdurýar.Bu duýduryş Matta kitapynyň 6:19-24 aýatlarynda ýazylan.Ol ýerde
şeýle diylen: “Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen
pos iýýändir, munda ogrular girip ogurlaýandyr. Muňa derek özüňize gökde
hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip
ogurlaýandyr. 21Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar.
Gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. Eger sendäki yşyk
garaňky bolsa, onda ol nähili elhenç garaňkylykdyr!
Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini
söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem
Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.”Elbettde Rebbimiziň bu
duýduryşy dogry.Çunki biziň hyzmatymyz dowrunda pul birinji orunda
däl,Belki Hudaý birinji orunda bolmagy gerek.

Rebbimiz bizi ýene geýim-geçim,iýmit dogrusynda hem alada etmesligimiz
dogrusunda duýdurýar.Näme uçin Isa Mesih bize hiç zat dogrusunda aalada
etmaň diyip aýdyar?Sebapi biz näçe synanyşakda Hudaý biziň haýatymyzy
dolandyrmasa barysy biderek.Çunki diňe Hudý islan zat biziň haýatymyzda
bolýar. Rebbimiz Matta kitapynda ajaýyp gepleri aýdyp geçen: Şonuň üçin
näme iýip-içeris, näme geýeris diýip alada etmäň. Bu zatlaryň baryny
butparazlar agtarýarlar, ýöne gökdäki Ataňyz bularyň ählisiniň size
gerekdigini bilýär. Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny
agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. Şonuň üçin
ertiri gaýgy etmäň, ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne
ýeterlikdir».Hakykatdan hem ynsan näçe hereket etmesin Hudaýyň bereketi
bolmasa eden zahmetiniz peýda bermeýar.
Şonuň uçin hem Hudaý biziň haýatymyzy dolandyrmagy gerek.Bunuň uçin bolsa
biz haýtymyzy doly ynanyp Onuň ellerine tapşyrmagymyz gerek.Geliň eziz
doganlar ertiki gun aladalary hakynda gaýgy etmaýylin bary meseleleri Onu
elelrine tapşyraýlyň.Özümuz bolsa hemişe Hudaýyň aýdanlaryna gulak
salaýlyň. Çunki Rebbimiz biziň haýatymyzy özümizden göra ýagşyrak
bilýar. Rebbimiz bizi hiç hilli baýlyk ýa-da haýtdaky gerekli zatlardan
mahrum etmekçi däl. Tersine Ol bizi durli haýtdaky aladalardan diňe azat
etmekçi. Eziz dinleýjiler şonuň bilen bugunki gepleşigimiz sonuna
etdi. Indiki gepleşigimizeçenli hoş sag-aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top