4:41

Mesihe degişli

MP3

Salam gadrdan doganlar.Bugunki söhbetimizi “Mesihe degişli”bolmak hakda dowam ettirmege karar etdik.Mesihe degişli bolmak diyeni näme?Resullerden Pawlus Rimlilere 8 bap 1 aýatynda :” Şeýlelikde, IsaMesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez. “ diyip ýazýar.Bu Pawlusyň soýikli jümlesidi.Mesihe degişli bolmak,Oňy özüniziň Halasgäriniz diyip kabul edeninizden soň,Ol bilen ebediý aragatnaşyk etmek diyenidir.Insanyň tebigaty şeýle-Hudaýyň ýagşylygyny tiz ýatdan çykarýar.Koplanç Mukaddes KitapdanYsraýyl halkynyň Hudaý bilen aragatnaşygy, Hudaýyň olara görkezen täsinlikleri hakda okýan ekenik,şondan soň hem bu halkyň butlara sejde edenlerini görup gaharymyz gelýar.Aslynda biz hem olardan tapawutly däldiris.Her biriniz haýatynza serediň,Hudaýyň işlerini gormedinizmi?Hudaý haýatynyzda täsinlikler etmedimi?

Eden.Buny men öz haýatymdaan bilýan.Emma şoňa seretman,kyn pursatlarda Onuň işlerini,täsinliklerini we gudratyny ýatdan çykarýas.Ýagşy günlerde hem Oňa däl,dünýä berilip gidýas.Biz özümizi Hudaýa laýyk däl alyp baranymyzda näme bolýar?Hudaý şükür,Ol ähtyna wepaly,Ol bizi wagtlaýyn , boýun egmezligimizi we ýaman işlerimizi gorinçenli kabul edip,sonunan taşlap gidýan Hudaý däl.Ol biziň nahilli ekenimizi ozaldan bilen.Ol biziň gylygymyz esasynda dälde Özünuň gudraty,mähr-şepagaty we merhemeti esasynda saýlady.Isa Mesihy özüniziň Halasgäriniz diyip kabul edeninizde,Hudaý size Isa Mesih bilen ebediý aragatnaşyk etmek mumkinçiligini berdi.Bu ebediý aragatnaşygy görmek siziň gylygynyza ýada özünizi nahilli alyp baryşynyza bagly däl.Sizde ýene :”Diymek,men nahilli islesem şeýle ýaşasam bolýan ekende?,diyen sorag peýda bolmagy mumkin.

Şeýle etmekçi bolsanyz edip görüň.Islaniniz boýunça ýaşap bilmeýanyz.Bunuň sebäbi addyý,oýlap görüň,eger kimdir,”Eger Isa Mesihy özümiň Halasgärim diyip kabul etsem islänimçe ýaşaýwerýan,şeýle hem jennede barmagym mumkin eken-da”diyse azaşýar.Başgaça aýdanda,eger bilgeşleýin ,Hudaýa garşy güna etmekçi bolsanyz we etseniz,Hudaýyň jezalaýyjy eli haýatynyzda bolýar.Elbettde Hudaý adalatly.Ol siziň günanizi ünssiz galdyrmaýar.Onuň ýolundan çykyp gidýan bolsanyz Ol siziň eden işlerinize görä terbiýeleb yza ,Öz Ýoluna gaýtarýar.Bu wagtda Onuň terbiýesiniň ajy dişlerini bedeninizde,ruhynyzda duýanyz.Bilseniz,buny hem Hudaý sizi söýani uçin edýar.Eger söýmaninde sizi terbiýelep yza gaýtarmaga hereket etman bolordy.Güna siziň haýatynyzda nämeler etmagi mumkindigini Ol ýagşy bilýar.

Güna öjükdiriji.Ol adamlar haýatyny erbet edýar.Şonuň uçin hem Hudaý şonuň ýaly bulagaý bilen haýat geçirip,haýatynyzy erbet ýagdaýa getirmaginizi halamaýar.Ol öz eliniz bilen haýatynyzy erbet etmeginizi islemeýar.Biz Isa Mesihy özümiziň Halasgärimiz diyip ynandyk.Ol biziň Rebbimiz we biz oňa eýerip ýaşýas.Biz hem Isa Mesihe ynanyp,hem güna edip ýaşap bilmeýas.Biz güna etmesligi isleýas.Çunki päk haýat geçirmek,hudaýlykly bolup ýaşamak,Ruhda ýoremek,Oňa tabun bolup ýaşamak bize Mukaddes Ruha tabun bolmagyň netijesinde asudalyk,şatlyk,kanagatlylyk,ynanç we gaýrat berýar.Siz dana adam bolmagy isleýändirsiniz?Nadip dana bolmagy bize Mukaddes Kitap anyk edip aýdýar.Hudaýa boýun eg.Hudaýa boýun egmek sizi dana edýar.Oňa boýun egeninizde Hudaý tabunlygynyz arkaly näme işler edýanyny görýanyz.Diymek»Me”ihe degişli bolmak näme?”diyen soragymyza hem jogap tapdyk,-bu Ol bilen aragatnaşykda bolmakdir.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top