3:54

Ynjylny öwrenmek we ony haýtymyzda ulanmak

MP3

Öýiňize asudalyk bolsyn hormatly dinleýjiler. Siz bilen ýene radio arkaly
düşuşyp duranymdan şat.Eziz dinleýjiler ine şol bize aýryp berilen wagt
içinde siz bilen Mukaddes Kitap hasaplanýan YNJYL hakynda söhberleşýas.
Biziň her birimize her hilli danalyk Hudaý tarapyndan berilýar.Dana
bolmagyň birinçi gadamy bolsa Hudaýyň sözini öwrenmek bilen başlanýar.Pikir
edişimçe kopçiligiň öýinde Ynjyl kitapy bar.Bu elbetde gowy.Eger biz ony
diňe kitap tekjesine bezemek uçin,ýa-da diňe kitap sanyny kopeltmek uçin
satyp alyp goýan bolsak-na? Bundan bize hiç hilli peýda ýok.Biz ine şol
kitapny okamagymyzdan maksat,Hudaý her birimiziň haýatymyza nämenidir
gepleýişini isleýas.Buniň uçin bolsa elbettde Ýaraduwçymyzdan maňa Söziňi
öwret,aýatlar arkaly meniň haýatyma gerekli zatlary geple diyip öz
sözlerimiz bilen Ondan soramagymyz gerek.Siz Ynjyl kitapny indi başlan
bolsanyz,okamagy tort Hoşhabar kitapynyň birinden başlaýyşynyzy maslahat
beren bolordyk.
Belki okan wagtynyzda size nämedir düşuniksiz bolmagy mumkin.Şol wagtda hiç
gaýgylanmaň.Goý şol düşuniksiz bolan ýerini galdyryp okamagy ýene dowam
ediň.Sonyndan bir tejribesi bar kişiden şol ýerin manysy hakynda sorab
bilseniz maksada laýyk bolordy.Butin kitapy bir ýyl dowamynda okap çykmagy
onunize maksat edip goýyň.Buniň uçin bolsa Mukkades Kitapy bolüp çykmagynyz
gerek bolýar.Elbettde baplary bolip çykanynyzda kontekstyna hem uns
ediň.Mukaddes Kitapy gowysy her güni aýnyksa irden okan makul.Bir kişi
şeýle liyip aýdypty:”Eger gun dowamynda şeýtan bilen düşuşmagy islemeseň
irden Hudaý bilen düşuş”.Çunki Hudaýyň sözi biziň her birimiz uçin ruhyý
iýmit.Häzirki günde Mukaddes Kitapy tiz okap çykyş uçin düzilen gowy
meilnamalary tapmak mumkin.Eger şol meýilnamalar esasynda okap öwrenseniz
ýenede gowy.
Rimdir men bu kitapy her heptde okap çýkýan diyip aýtmagy mumkin.Emma
maksat tiz okamak däl,ol ýerde biziň haýatymyz uçin nameler geplenenine uns
bermek we şolary haýatymyzda ulanmak.Her guni ikki ýa-da uç bapdan okasanyz
eterli diyip oýlýas.Okamakdan onçe ozünuze bir näçe soraglary beriň we şol
soraglaryň esasynda okaň.Bu biziň size berýan kiçi maslahatlarymyz.Emma her
birimiziň halypamyz Rebbimiziň özidir.
Bundan başga Mukaddes Kitapda ýazylan aýatlary ýatlamak hem biziň
haýatymyzda ullakan we möhüm rol oýnaýar.Şol ýatlan aýatlarymyz arkaly
Rebbimiz bize dogry ýol gorkezýar.Her birimiz haýatda azaşman dogry ýoldan
barmagymyz uçin hem biziň ýolbaşçymyzdyr.
Zebur kitapynyň 118 bap 11-çi aýatynda şeýle ýazylan: «Seniň sözüňi
saklamak üçin, ähli ýaman ýoldan men gaça durdum”.

Şonuň bilen eziz dinleýji bugungi Söz
hakyndaky gepleşigimiz sonuna etdi. Sizler bilen ýane radio arkaly duşuşynçe
sag-aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top