Salam Eger gepleşiklerimizi diňlap barýan bolsanyz,geçen gezek siz bilen
oran üýtgeşik mowzuk hakynda söhbetleşiptik.Şübhe we Ynanç.Bu ikkisi hem
ýanma-ýanynda, gelmegi mumkinmi? Gelmegi mumkin eken.Buny görmek uçin
şägirdleriň haýatyna bir nazar salyp goraýliň.Olor hem Isa şübhe bilen
gözledimikarlar? Matta 28:17aýat şeýle diydi: Isany görüp, Oňa sežde
etdiler, ýöne olaryň käbiri şübhelendi.” Ynanmak kyn,nadip uzak wagt Isa
bilen bille ýören,Onuň täsinliklerini,tebigat we ölim ustinden hökümdarlyk
edenini gören şagirdler Oňa şübhe bilen sereden bolsa? Isa Lazari
direlteninde olor Isa bilen billedi ahrym?! Bäş muň adamy ýok ýerden
doýuranda olor şol ýerdediler-a!
Gaýyk ustünde durup tupanňy dynçllantyranda çagadan we bir näçe başga
kişilerden – jinnlary kowup çykaranynda,köriň gözi açylanda, şeli
ýörezeninde Onuň ýanyndadylara-a!Şonça zady gudrat doly sözüni eşiden
şagirdleri ýene nadip Ony diri göreninde şübhe etmekleri mumkin?! Howwa
näme diyip hem bilýas.Mukaddes Kitab baryny ýazýar.Olor çyndan hem
düranymyz Isamykä?-diyip şübhelenenlerine garanda Isa bu gepleri aýdanda
gepleriniň manysyny doly düşunmedik gorunýar.Isa olor bilen dagda sonky
gezek söhbetleşýanynda şagirdleriniň käbirleri oňa şübhe bilen seredýanyny
düýmadymyka?.
Elbettde duýan.Ýone buňa uns etman.Tersine olora beýik bir tabşyrygy
beren.Şagirdlere, hususan şübhelenýanlara hem şeýle diydi:” «Ähli ygtyýar
ýerde-Gökde Maňa berildi.
Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we
Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý
etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn.
».Dogusyny aýtsam şol ahyrky setirleri oran gowy gorýan.Isa Mesihyň Özi
her guni,dünýanyň soňunaçenli biz bilen bille bolmagyny bilmek,duýmak oran
ýakymly.Bu kynçylyga düşen wagtymyzda göwünimizi göterýar.Indi ýene şübhe
gaýtsak.Şagirdler käwagtlar imanda bizden artyk käwagt deň bolon.
Çunki biz hem haýatymyz dowamynda oran kop gezek Hudaýyň işlerine şübhe
bilen seredýas.Onuň çyndan hem dogry iş edýanyna ynanyp bilmeýas.Käwagt
bolsa kynçylyklarymyza gözlaman Hudaýa bolan ynançymyzy ýitirmeýas.Biz hem
şagirdleri ýaly haýtymyzdaky her bir basgançagynda şübhe etsek-de Hudaýa
bolan ynançymyza dyrmaşyp barybyr oňe garap ýorýas. Oňe gadam taşlýan
ekenik Hudaý bizdaki şübheleri butinleý alyp taşlaýar.Her gezek Hudaý bilen
bolan aragatnaşyklar arkaly Ol hakda koprak bilib barýas.Hudaý bolsa bize
her gezek täze we täze ýagdaýlary berwerýar.Haýtynyzda näme bolmasyn
Isanyň wadasy özgermeýar. Ol her guni we dunýanyň sonunaçenli siz bilen
bille bolýar. Şony bilen ýagdaýda Onuň buýruguna tabun boluň. Onuň häkimýeti
astynda ynamly we daýaw boluň. Şagirdleriň haýty hakynda bilmegi isleseniz
bizin elektrn menzilimize myhman boluň.