5:35

Ybrahym paýgemberiň watany

MP3

Salam gadrly doganlar.Ybrahym paýgemberiň hayaty her bir imanlynyň geň galdyrýar.Beýle guýçli imana eýe bolan paýgemberi dünýa entek gormandi.Edil şonuň uçin hem Mukaddes Kitapda Ybrahum paýgember hakda şeýle ýazylan:Imany sebäbli Ybrahum Hudaýa boýun egdi.Hudaý oňa:”Men saňa mülk edip berjek ýere bar”,diyip buýranda,Ybrahym nira gidýanyny bilmezden ýola düşdi.Iman bilen ol Hudaý wada eden ýerde ýerleşdi,gelmişek bolup,çadyrlarda ýaşady. Onuň ogullary Ishak we Ýakup hem ol ýaly gun geçirdiler,çunki Hudaý olara tä şonuň ýaly wada berendi.” Bürunç dowürinde bar bolup,soň taryh gumlary astynda ýiten we Ybrahym paýgember ýaşan diyip takmyn edilen şäher Turkiýanyň ilerindeki Kilis diyip atlandyrylan şäher ýakynydan tapyldy.

Bu hakda arheolog Atil Engin gazetalardan birine ýazan makalasynda aýdyp geçýar.Demir dowürinden galan papirusdaky maglumatlara göra, bu ýerde edil Ybrahum paýgember ýaşan bolmagy mumkin diyip takmyn edilýar. Bu gadymky şäherden tapylan eramyzdan oňki 3000 ýyl oň ýasalan 134 kumuş taňňe,ýagyly tagtalar we möhürlar Hettiý şäälaryna degişli bolany anyklandy. Alymlar bu şäher edil Ybrahym paýgember ýaşan Ur şäheri bolmagy mumkin,diyip takmyn edenler.Arheolog alymlar bu şäherden tapylan tapylmalardan bu ýer uly sewda merkezi ýada paýtagt şäher bolan diyen togtama gelen.Mukaddes Kitapda Ybrahym paýgemberiň maşgalasy bilen,ýagny günbatar-semitlar tiresine Ýahudiýä,ýagny ýagny Mukaddes Kitapda ýazylan Kanýon a eden migrasiýa bilen baglaýarlar.

Taryhda ýazylanlaryna göra bu tireler ýahudiýä goçup baranlar.Mukaddes Kitapda şeýle ýazylan:” Tera ogly Ybramy, agtygy Haranyň ogly Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly Seraýy öz ýanyna alyp, Kengan topragyna gitmek üçin babyllaryň Ur galasyndan çykyp gaýtdy. Olar Harana gelip, şol ýerde mesgen tutdular. Tera iki ýüz bäş ýaşynda Haranda aradan çykdy. “Maglumatlara gora Haran \qheri-Ur şäherinden 890 kilometrce demirgazyk-günbatarda yerleşen.Emma Ybram paýgemberiň atasy Tera häzirki Ýahudýaçenli barmadyk.” Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.Senden beýik millet ýaradyp,Men seni ýalkaryn,

adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.

Seni ýalkany ýalkaryn,seni näletläni-de näletlärin;Ýer ýüzündäki ähli milletler

sen arkaly pata alarlar».

Ýene başga maglumatlara görä,Haldeý häzirki Fars aýlagynyň demirgazygynda ýerleşen ýerlerdi.Ur şäheri Mesopotamiýadan Orta ýer denizine barylýan esasyý sewda ýollary üstinde ýerleşendi.Belki şu sebäbli Ybram paýgember öz däwrçniň iň baý adamlaryndan bolandir.” Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen bile gitdi. Harandan çykyp gaýdanda, Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady”.Iman gahrymanlarynyň iň beýigi bolan Ybram paýgember nirede ýaşan bolmasyn,ol iman bilen Hudaý berýan gökdäki şähere garaşan.Imany sebäbli ol we onuň nesilleri Kengana,Hudaý wada beren ýerde eýelik eden bolsa,aradan çykandan soň,Hudaý Çökde taýarlnyp goýulan ebediý şäherden mekan tapdy.Onuň imany mirasdüşerleri bolanlar hem Hudaý bilen bille şol gökdäki şäherde ýaşamagy arzuw edýärler.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top