4:20

Ybadatyň güýji

MP3

Salam eziz doganlar. Siz bilen programmamyz arkaly düşuşyp düranymdan oran
şat.Ine ançeme wagtdan bari biz siz bilen bille ýaradana ybadat edip
gelýas.Hudaý şukur ybadat etmek mumkinçiligimiz bar.Hudaýa şukur ybadatny
hemişe amala aşyrmak mumkinçiligine eýediris.Nirede bolmaýylyň,näme
etmaýyliň,nahilli ýagdaýda bolmaýlyň ybadat uçin aýratin ýer bolmagy şert
däl.Ybadatny hatta şäher transportynda hem amala aşyrmak mumkin.Meselen
men,günimni säherden ybadat bilen başlaýan.Irden edilen ybadat tä
telefonymyzy zarýad etmek bilen deňleştirse bolýar. Biz hem ýbadat edip
butin gunimize güýç alýas. Bu hakykat! Ybadat köp zatlara çulum.Ybadat
bizi Hudaý bilen aramyzda bolan ýekeje gepleşmek dili.Biz Ýradyýjimiza
halan zatlarymyzy aýtsak bolýar.Hudaý hem biz ybadat etsek Oňa oran ýaraýar
diyen pikre butinleý goşylýan. Ezizler,siz Hudaýa ybadat edýaňyzmy?Sizi
bilmaýan,yone men egerde ybadat etmesem,tä kimidir ýitiren ýaly bolýaryn.
Tä meniň ýakyn dostym maňa jaň etmeýan ýaly duýgy döreýar.Howwa ezizler,men
Hudaýa bolan ybadatlarymy hiç zada çalyşmaýan.Ybadat men uçin ýarag we
galkan.Agyr ýagdaýlarda Hudaýa eden ybadat maňa teselli berip ýüregime
asudalyk berýar. Ybadat maňa güýç berip haýat dowamynda ynamly ädim ätmaga
kuwwat berýar. Ezizler,size ybadat hakyndaky Mukaddes Kitabdan bir bölegi
okap berjek bolýan. Matta baýan eden höşhabardaky 6 bap 5 aýatyndan başlap
okýas;” Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin
sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size
dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. Emma siz doga-dileg
edeniňizde, otagyňyza girip, gapyny ýapyň-da, görünmeýän Ataňyza
gizlinlikde ediň. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.
Doga-dileg edeniňizde, butparazlar ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň. Olar
köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler. Olar ýaly bolmaň. Ataňyz size
nämeleriň gerekdigini Özünden dilemänkäňiz bilýär ahyryn. Şonuň üçin, şeýle
doga-dileg ediň:
„Eý, gökdäki Atamyz!
Adyň mukaddes bolsun!
Patyşalygyň gelsin!
Gökde bolşy ýaly,
ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!
Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.
Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly,
Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.
Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“Pätyşalyk,şan-şohrat
ebediy senikidir Omin.
Ezizler geliň biz hem siz bilen bille Hudaýa ybadat edip bugunki
programmamyzy tamamlýas.Asmandaky Atamyz bize ybadat etmagi öwreteniň uçin
sana minnetdarlyk bildirýas.Bize ybadat gýüjini hemişe görkezip
gelýaň.Hudaýym biz saňa köprak ybadat etmagi isleýas. Gunimizi Saňa bolan
ybadat bilen başlap ybadat bilen tamamlaýylyň.Hudaýym Sen hakykýy Söýgi
Hudaýysyn,bizi hem söýmaga öwret.Hudaýym seniň söýgiňi dünýada hemme öz
ýüreginde duýsyn.Hudaýym seniň adyň beýiklensin.Butin älem Seni
şöhratlandyrsyn .Hudaýym seniň mukaddes adyň bilen ybadat etdik.Omin!

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top